Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmeklerine uly ähmiýet berlip, bu babatda yzygiderli tagallalar edilýär.
Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolmak bilen, dünýä dillerini öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi dürli halklaryň dillerini öwrenmek bilen, halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döredilýändigini aňladýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, okuwçynyň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi çaganyň ösüş döwri bilen baglydyr, sebäbi çaganyň irki ösüş döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar. Çagalykdan dil öwrenýän çaganyň beýnisindäki «sözlük gory» beýleki deň-duşlary bilen deňeşdirilende has ösendir. Munuň şeýledigini psiholog hünärmenler hem tassyklaýarlar.
Dili öwrenmekde interaktiw usullaryň ulanylmagynyň wajypdygyna turuwbaşdan ünsi çekmek isleýäris. Munuň özi sapakda özara işjeňligiň örän ýokary bolan ýagdaýydyr, diňe bir mugallym bilen okuwçynyň däl, eýsem, okuwçylaryň öz aralaryndaky işjeňligiň hem oňyn netije berýän usulydyr. Ozalky usullarda esasan diliň belli bir tarapyna — grammatikasyna, ýazuw endikleriniň ösdürilmegine üns berilýärdi. şeýle ýagdaýda sözleýiş endiklerini kemala getirmek mümkinçiligi azalýar. Interaktiw usullarda bolsa, ýazuw endikleri-de, sözleýiş medeniýeti-de gyradeň ösdürilýär.
Ýeri gelende bellesek, daşary ýurt dillerini okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ençeme usullary bolup, okuwçylara iňlis dilini öwretmek üçin olary giňden peýdalanýarys. Şol usullara toplumlaýyn çemeleşip, olaryň ählisini hem yzygiderlilikde peýdalanmaga çalyşýarys. Şonuň üçin-de, ol ýa-da beýleki usula artykmaçlyk berip, beýlekileri ünsden düşürmek bolmaz. Okuw işiniň has-da netijeli bolmagyny gazanmak üçin birnäçe usullardan utgaşykly peýdalanmak maksada laýykdyr.
Şunda grammatik-terjime etmek usuly has-da ähmiýetlidir. Daşary ýurt diliniň grammatik aýratynlyklaryny has-da çuňňur öwrenmek üçin, uly synp okuwçylaryna iňlis dilindäki tekstleri öz ene diline terjime etmegi tabşyrýarys. Şeýle ýagdaýda ençeme täze sözler öwrenilýär, diliň grammatikasy, sözleriň ýazuw kadalary özleşdirilýär.
Umuman, okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça innowasion okuw usullaryny öz iş tejribämize yzygiderli ornaşdyrýarys. Şunda öňdebaryjy bilim işgärleri, ussat kärdeşlerimiz bilen iş tejribämizi paýlaşmagymyz örän uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Farhat HOJAMURADOW,
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta
mekdebiň mugallymy.
23.11.2022 ý.