Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda umumybilim berýän edaralarda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda olara milli mirasymyz, döwletlilik ýörelgelerimiz, gözel tebigatymyz barada hem giňişleýin düşünjeler berilýär.
Bilşimiz ýaly, başlangyç synplaryň ene dili sapagynyň okuw maksatnamasynda «Adam we tebigat» diýen bölüm berilýär. Şoňa laýyklykda, tebigat bilen bagly birnäçe temalar geçilýär. Şunda başlangyç synp okuwçylaryna guşlary, ösümlikleri, tebigat gözelliklerini gorap saklamalydygyny, oňa aýawly çemeleşmelidigini düşündirýäris. Okuwçylarda tebigata bolan söýgini diňe gürrüň esasynda döredip bolmaýar. Bu işde bilim we terbiýe bermegiň innowasion usullaryndan, ýagny interaktiw tagtasyndan, kompýuterlerden ýerlikli peýdalanýarys. Bu bolsa geçilen temanyň okuwçylaryň aňynda berk galmagyny üpjün edýär, şeýle-de sapagyň täsirliligini artdyrýar. Sapakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky tebigat bilen bagly nakyllardan hem peýdalanýarys, olary okuwçylara okap bermek bilen, düýp manysyny düşündirýäris. Mysal üçin: «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr», «Bag — ekeniňki, çil — çekeniňki», «Bagym bar — barym bar» diýen tebigat bilen baglanyşykly nakyllary interaktiw tagtada okuwçylara görkezip, olary ýat tutmagy hem tabşyrmak bolýar. Şunda nakyllardaky öňe sürülýän pikirleri öwretmek we olary durmuşlarynda ýerlikli ulanmagy tabşyrmak, ýagny ýerine ýetirtmek öz oňyn netijesini berýär.
Interaktiw tagtada öz ýurdumyzyň daglarynda bitýän arça, çynar, güjüm ýaly agaçlary görkezip, bu agaçlaryň howany tozandan, her hili hapalardan arassalaýandygyny hem düşündirmek bolýar. Tebigatymyzda ösýän bu agaçlaryň adamlaryň saglygyna uly kömek edýändigini, olaryň ýapraklarynyň halk lukmançylygynda giňden ulanýandygyny hem belläp geçýäris. Sapakda ulanylýan prezentasiýalarda tut agajynyň şekilini görkezip, okuwçylaryň tut agajy baradaky düşünjelerini ösdürýäris we çagalaryň öz bilýän zatlaryny diňlemek arkaly sapagyň täsirliligini artdyrýarys. Okuwçylara tut agajynyň peýdaly taraplary barada giňişleýin düşündirýäris. «Tut agajynyň ýapragyndan ýüpek gurçuklary idedilýär, ýüpek gurçugynyň pilesinden bolsa iň bir gymmatly, adamlar üçin gerek bolan ýüpek alynýar» diýip, belläp geçýäris. Tuduň miwesinden her dürli mürepbeler, ballar gaýnadylýar. Halk lukmançylygynda tuduň gabygyndan, kökünden dürli melhemler taýýarlanylýar. Tut agajyndan dutar ýasalýar. Tutdan ýasalan dutarda ýaňlanýan sazlar bize ruhy lezzet berýär. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky: «Bir ýyl tut ekseň ýüz ýyl altyn alarsyň» nakylyny hem okap, tuduň durmuşymyzdaky orny barada gürrüň berýäris. Şunda çagalaryň gurşap alan tebigatymyza bolan söýgüsini duýmak bolýar.
Okuwçylara öýlerinde doganlaryna gülleri, nahallary oturtmak işlerinde, şeýle-de olara ideg etmekde ýardam bermeklerini hem tabşyrýarys. Munuň özi olarda tebigata bolan söýgini oýarmakda, zähmetsöýerligi terbiýelemekde ähmiýetli bolup durýar.
Enejan ARTYKOWA,
Görogly etrabyndaky daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta
mekdebiň mugallymy.
23.11.2022 ý.