MATEMATIKA SAPAGYNDA NETIJELI USULLAR

Başlangyç synplarda matematikany okatmak çylşyrymly iş hasaplanýar. Şonuň üçin-de, mugallym okuw işinde okuw kitabyndan başga-da, görkezme esbaplardan, tehniki we beýleki seriş- delerden giňden peýdalanmaly bolýar. Okuwçylar hem öz gezeginde okuw kitaby we mugallymyň beren bilimleri esasynda jogap berýärler.

Häzirki wagtda özara işjeň usullarda hödürlenen meseläni çözmek üçin okuwçy öz synpdaş ýoldaşy bilen pikir alyşýar. Okatmagyň innowasion usulynda bolsa okuwçylaryň öz aralarynda ýa-da okuwçy bilen mugallymyň arasynda söhbetdeşlik guralýar. Matematikany okatmagyň netijeli bolmagy üçin okuwçylaryň pikirleniş işini we mümkinçiliklerini barlap durmaly. Olaryň pikirlenmesiniň, göz öňüne getirmesiniň we düşünjeleriniň ösmegi esasynda okuw maglumatlaryny özleşdirmegiň hili ýokarlanýar.

Matematika sapagynda okuwçylar berlen maglumatlary deň derejede kabul edip bilmeýär. Şonuň üçin başlangyç synplarda bilim bermek mugallym bilen okuwçynyň özara sazlaşykly işi esasynda amala aşyrylýar. Çagalaryň öwrenýän zatlaryny tiz kabul etmekleri, şeýle-de olara düşünmekleri üçin sapakda multimedia serişdelerinden we interaktiw tagtanyň mümkinçiliklerinden, esasan-da oýunlardan ýerlikli peýdalanmak zerur bolup durýar.

Çagalaryň başlangyç synplarda alan matematiki bilimleri olaryň gündelik durmuşynda hem gabat gelýär. Şol nukdaýnazardan hem çagalaryň şol sapaga bolan höwesini döretmek we matematiki amallary dogry ýerine ýetirmegini gazanmak mugallyma bagly bolup durýar. Muny amala aşyrmakda bolsa häzirki wagtda okatmagyň innowasion usuly saýlanyp alynýar, şeýle-de başlangyç synp okuwçylarynyň esasy işi oýun hasaplanýar. Şonuň üçin hem, okuw işinde oýunlary köp ulanmak möhüm bolup durýar. Sapakda ulanylýan oýunlar sapagyň temasyna we maksadyna laýyk saýlanyp alynmalydyr. Oýunlaryň üsti bilen okuwçylaryň alan bilimlerini, endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek zerurdyr.

Oýun okatmagyň beýleki usullary bilen baglanyşykly alnyp barylsa maksadalaýyk bolar.

Ol oýunlaryň döredijilikli, hereketli, öwrediji görnüşleri bolýar. Sapakda ulanylýan oýun okatmak, öwretmek maksady bilen guralmalydyr. Ulanylýan oýunlar bolsa ýönekeýden gitdigiçe çylşyrymlaşdyrylmalydyr. Oýunlaryň düzgünlerini ýerine ýetirtmek esasynda bolsa mugallym okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmegi gazanmalydyr.

Oýnuň maksady çagalaryň ýatdan hasaplamak başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ony oýnamakda pökgi esasy serişde bolup hyzmat edýär. Oýnuň şertine görä, mugallym okuwça pökgini berýär we matematik amallara degişli, ýagny goşmaga, aýyrmaga, köpeltmäge, bölmäge degişli mysal aýdýar. Okuwçy pökgini alýar we mugallymyň beren mysalynyň jogabyny aýdýar, soňra-da pökgini yzyna berýär. Bu oýun arkaly okuwçy şol bir wagtyň özünde berlen mysaly çözmäge çalyşýar, şeýle de tiz pikirlenmek ukybyny ösdürýär.

Şeýle oýny hem oýnatmak bolýar. Bu oýunda mugallym çagalaryň 10-a çenli sanlary yzygiderli tertipde sanamagyny gazanýar. Okuwçylara 1-den 10-a çenli kesme sanlar berilýär. Mugallymyň görkezmesi boýunça olar artýan (kemelýän) tertipde hatara durýar. Şonda berlen sanlar göni hem-de tersine sanalýar. Çagalar biri-birine «Sen haýsy san? Seniň öňüňden (yzyňdan) haýsy san gelýär?» ýaly soraglary berip, dogry jogaplary tapmaga çalyşýarlar.

Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek, bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen sapaklarda ulanylýan oýunlaryň ähmiýeti juda ýokarydyr. Sapakda oýunlardan peýdalanmak bilen, çagalaryň işjeňligini, şeýle-de matematika sapagyna bolan höwesini artdyrmak bolýar.

 

Ogulgözel ÇARYKULYÝEWA,

Dänew etrap bilim

Bölüminiň baş hünärmeni.

Mugallymlar gazeti. 28.11.2022ý.

Meňzeş habarlar