TEJRIBEDE KÄMILLIK BAR

Ata-babalarymyz çaganyň belli bir ýaşyna baranda sowadyny çykmak üçin okuwa beripdirler. Olar perzentleriniň sowatly, bilim-terbiýeli bolmagy ugrunda irki ýaşdaky döwürlerden aladalanypdyrlar. Bu ýol uzak asyrlardan bäri hem özüniň ähmiýetini, zerurlygyny ýitirmän gelýär. Häzirki wagtda çaganyň has irki döwürlerinden hem terbiýe ojagyna bermek şerti giňden ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär.

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020–—2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak barada hem möhüm wezipeler goýuldy. Şol sanda mekdebe çenli bilimiň maksadyny, mazmunyny, gurluşyny we bilim-terbiýeçilik işini guramagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmek, türkmen halk ertekileriniň we çagalaryň söýgüli gahrymanlarynyň üsti bilen hereketli oýunlary, bedenterbiýe maşklaryny giňden wagyz etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu sanalan möhüm şertler boýunça Aşgabat şäherindäki 161-nji çagalar bakja-bagyna baryp, tejribeli terbiýeçileriň işleri, çagalar bilen geçirilýän sapaklaryň guralyşy barada aýratyn gyzyklandyk.

Bu çagalar bakja-bagynda indi ençeme ýyl zähmet çekýän halypa terbiýeçiler Ogulsona Setdarowanyň we «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi Läle Ildurdyýewanyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda guraýan sapaklaryna gatnaşdyk. Terbiýeçileriň uly toparlardaky sowat öwretmekde «Sesleri dogry aýtmagy öwretmek», «Harplardan bölekleri ýazyp öwretmek», ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde «10-na çenli sanlary tanamak», «Giňişlikde ugur kesgitlemek», sözleýşi ösdürmekde «Ertekilerden bölekleri gürrüň bermek», «Erteki gahrymanlarynyň häsiýetleri» we beýleki sapaklar boýunça geçen temalary bilen ýakyndan tanyşdyk.

Munda çagalar uly gyzyklanma bilen sapaga gatnaşdylar, sowal-jogaplar alyşdylar. Şeýle-de, çagalar bilen daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, şekillendiriş sungaty, daş-töwerek we tebigat barada düşünje, bedenterbiýe, aýdym-saz sapaklary hem meýilnama esasynda guralýar. Guralýan sapaklardan daşary hem gurjak oýunlarynyň üsti bilen çagalaryň sözleýiş, gürrüň bermek, pikirlenmek ukyplary kämilleşdirilýär.

Daş-töweregi bagy-bossanlyga, gülzarlyga bürenip oturan bu çagalar bakja-bagy 2014-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu ýerde terbiýeçileriň onusy çagalara terbiýe we sowat öwredýär. Onda çagalar toparynyň sekizisi bar. Şeýle hem çagalar bakja-bagynda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn üns berilýär. Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary bu çagalar bakja-bagynda okuw tejribeliligini geçýärler. Olara çagalary terbiýelemegiň, olara sowat öwretmegiň inçe syrlary, sapak guramagyň ýollary boýunça halypa terbiýeçileriň maslahatlaryny, öwütlerini, iş tejribelerini öwrenmäge doly mümkinçilikler döredildi.

Çagalar bakja-bagynda aýdym-saz sapagynyň guralyşy, oňa çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklary aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde sapagy tejribeli mugallym Allamyrat Saparow guraýar. Ol şu ýyl “Iň gowy aýdym-saz mugallymy” diýen bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ikinji orna mynasyp bolmagy başardy. Allamyrat mugallym çagalara aýdym-saz bilen bagly ilkinji düşünjeleri öwredýär. Ol çagalaryň zehinini ritmleriň üsti bilen barlaýar. Ritm kakuwlaryny duýup bilýän çaganyň eýýäm bu ugra höwesiniň we başarnygynyň bardygy hakynda mugallym belleýär. Ol çagalar bilen işlemegiň aýratyn işdigini, olaryň wagtlarynyň şadyýan geçmegini gazanmak üçin özüň hem körpeler bilen deň derejede bolmalydygyny, şolaryň dilinde gürlemelidigini we olaryň iň gowy görýän adamlary bolmalydygy hakynda aýratyn nygtaýar. Şeýle usul bolsa bu çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň esasy iş usullary bolup durýar.

Hawa, şäheriň iň gözel künjeginde ýerleşen bu çagalar bakja-bagy ýakynda etrap boýunça geçirilen «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ýeňijisi bolup, ol döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle ýeňişler aňsat gazanylmaýar. Munuň aňyrsynda çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň we agzybir işgärleriniň yhlasly zähmetleri bar. Olar özleriniň çagalar bilen guraýan her bir sapaklarynda hem erteki gahrymanlarynyň, görkezme esbaplarynyň, multimedia tagtasyndaky slaýd şekilleriniň üsti bilen halal zähmet çekmek, dostluk, mähriban çagalyk barada düşünjeleri yzygiderli öwredýärler.

Aşgabat şäherindäki 161-nji çagalar bakja-bagynyň agzybir işgärleri mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň hiliniň kämil we döwrebap bolmagy ugrunda giň mümkin çilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler.

 

Şähribossan ÖWEZOWA,

« Mugallymlar gazeti ».

28.11.2022ý.

Meňzeş habarlar