Ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna erk edip bilmegini gazanmak maksady bilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly» diýip belleýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze taryhy eýýamynda ylym ulgamyny ösdürmäge, ýaşlarymyzyň döwrebap derejede bilim we terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine, ylmy işler bilen meşgullanma gyna ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda adamzat jemgyýetiniň ösüşine hem-de özgerişine gös-göni ýardam berýän ylmy we innowasiýa işleri işjeň ösdürilýär. Ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar, tebigat, jemgyýet, adam hakynda täze bilimleriň özleşdirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylmy gözlegler bilen meşgullanmagy babatynda uly işler durmuşa geçirilýär.
Şu ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlarymyz tarapyndan ylmy işler alnyp barylýar we olaryň özbaşdak ylmy gözlegleri alyp barmagyna ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylmy işleriň netijeli alnyp barylmagy bolsa, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň ilerlemegine itergi berýär.
Düýpli ylmy gözlegler, ýurdumyzda ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsleşige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün etmek, geljegiň sanly ykdysadyýetini döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, adamyň aň-bilim maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak öňde goýan maksatlarymyzy aýdyň alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim jemgyýetiň we döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek babatynda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Myrat TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Mugallymlar gazeti.
28.11.2022ý.