MILLI OÝUNLARYŇ ÄHMIÝETI

Pederlerimiziň durmuş tejribesinden gelip çykýan milli ýörelgelerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasydyr. Şöhratly taryhymyza ser salanymyzda, nesil terbiýesine uly ähmiýet berlendigine göz ýetirýärsiň. Muňa: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlen ajaýyp jümleden hem göz ýetirmek bolýar. Çaga heniz sallançakda ýatan pursadynda, ene ony kalbyndaky iň mähirli sözleri bilen hüwdüleýär. Bütin kalby bilen çagasyny ezizleýän ene dünýädäki gowulyklary oňa arzuwlaýar. Mana düşünip, aýak bitip başlanda bolsa, oňa dürli hereketli oýunlary oýnadyp, milli häsiýetlerimizde terbiýesini dowam etdirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berk bedenli, sagdyn pikirli nesilleri terbiýelemäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Çagalar baglarynda körpelere milli oýunlar oýnadylýar, olar fiziki hereketleri ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, zähmet çekmegi, Watanymyzy söýmek ýaly düşünjeleri öwrenýärler. Oglanjyklara mertlik, gaýratlylyk, çydamlylyk ýaly düşünjeler berilýän bolsa, gyzjagazlara mylaýym, edepli-ekramly bolmak öwredilýär. Oýunlaryň ählisi diýen ýaly ylgamak, bökmek, duýdansyz öwrülmek ýaly hereketleri ýerine ýetirmekden ybarat. Şol oýunlary ýerine ýetirende, çagalar tutanýerliligi, durnuklylygy, erjelligi, her bir işe akylly-başly çemeleşmegi endik edinýärler.

Gahryman Arkadagymyz milli oýunlarymyz hakynda «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halk oýunlary adamzat jemgyýeti dörände peýda bolupdyr we häzirki döwürde hem ynsan durmuşynda ähmiýetli orny eýeleýär. Dünýä taryhynyň irki döwürlerinde ynsan özüniň awlap ýören haýwanlary bilen güýçde, tizlikde, çakganlykda, çydamlylykda bäsleşipdir. Bu bäsleşikler kem-kemden beden maşklaryna—döwürleriň üýtgemegi, durmuşyň özgermegi bilen bolsa kämilleşdirilip, dürli oýunlara öwrülipdir. Oýunlaryň ynsanyň beden we ruhy sazlaşygy üçin ähmiýeti uludyr. Her bir oýun adamda duýgurlygyň, çeýeligiň, deňagramlylygyň, güýjüň hem-de paýhasyň kemala gelmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de milli oýunlar diňe bir türkmen taryhynyň bir bölegi bolman, eýsem, türkmen milli medeniýetiniň hem aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli oýunlar halkymyň edep-terbiýe we ahlak ýörelgeleriniň özboluşly dünýäsi bolup, zähmetsöýerlik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk ýaly milli häsiýetlerimizi, parahatçylykly durmuşy söýmek ýaly ýörelgelerimizi dabaralandyrýar». Oýnaýan oýnunda utmak ýa-da utulmak çaganyň duýgusyna täsir edýär. Bu bolsa olarda erjelligi, akylly-başly hereket edip, tijenmegi talap edýär.

Gymmaty egsilmejek halk hazynamyzdaky eserlerimizde beýan edilýän milli oýunlarymyzyň ählisi ýaş neslimizi sagdyn ruhly, berk bedenli edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir.

 

Maýa MEREDOWA,

Daşoguz şäherindäki 1-nji

mekdep-internatynyň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 30.11.2022ý.

Indiki makala

NESIL TERBIÝESI

Meňzeş habarlar