Ýaşlar biziň geljegimiz bolup, olaryň döwrebap bilim almagy, milli häsiýetde terbiýelenmegi esasy ugurlaryň biridir. Hut milli terbiýeden hem olaryň giň dünýägaraýşy, watansöýüjiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlar boýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler.
Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr» diýen parasatly sözlerini ýörelge edinýäris. Şu parasatly sözlerde ýaşlary terbiýelemegiň hem-de olara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň anyk ýollary kesgitlenilýär.
Pähimdar pederlerimiziň watansöýüjilik ýörelgeleriniň gadyr-gymmaty, Watan mertebesi barada ençeme eserler döredilipdir. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda akyldarlar, şahyrlar, alymlar kitaplary ýazyp, halkymyzyň durmuş tejribesini, ruhy baýlygyny geljek nesillere ýetiripdirler. Şeýle taryhy kitaplarda hem nesil terbiýesi, ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýaly asylly ýörelgelerimiz beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewli goşgulary çeper edebiýatymyzyň baý hazynasy bolmak bilen bir hatarda, nesil terbiýesinde hem örän gymmatly mirasdyr. Şeýle gymmatly miraslaryň arasynda Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Mämmetweli Keminäniň we beýleki akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň eserlerini görkezmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hawa, perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenilýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýip beýan edilýär. Watansöýüji ýaşlary kemala getirmek hem milli terbiýämiziň düýp beýanydyr. Perzendiň şeýle asylly ýörelgelere eýermegi, Watany, il-güni söýmegi, ata-enä belent sarpa goýmagy terbiýäniň asyllylygydyr, aýratynlygydyr.
Milli terbiýe hakynda aýdanymyzda nusgawy edebiýata hem öwran-öwran ýüzlenýäris. Bu bolsa ene dilimizde ýazylan eserlere bolan söýgimizi, okamak endigimizi kämilleşdirýär. Şonuň üçin hem şeýle eserleri okamagy ýaş nesillere hem düşündirýäris, wagyz edýäris. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri hem nesil terbiýesi, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri öz içine alýar. Ene- atanyň öňündäki borçlar, ylym-bilim öwrenmek ýaly ýörelgeler hem dana pikirler bilen beýan edilýär. Şeýle ähmiýetli pikirler çeper edebiýatymyzyň baýlygyny, milli terbiýämiziň asylly ýörelgelerini beýan edýär. Şunuň ýaly baý mazmunly eserlerden, nakyllardan peýdalanyp ýaşlary terbiýelemek biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.
Merjen AWEZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 30.11.2022ý.