Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy, baý edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň baýlygy, giň many-mazmuny ylmy esasda öwrenilýär. Çünki milli edebiýatymyzy wagyz etmek, dünýä ýaýmak esasy ugurlaryň biridir.
Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem şahyryň goşgulary dünýäniň dürli künjeklerinde okyjylar tarapyndan uly höwes bilen okalýar. Magtymgulynyň goşgularyny edebiýatçylar, dilçiler, dünýä alymlary ylmy esasda öwrenýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.
Mäne baba, Mahmyt Zamahşary, Mahmyt Pälwan, Nejmeddin Kubra, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly şahyrlarymyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp, halkara ylmy maslahatlar, dürli ylmy-medeni çäreler geçirilýär. Şonuň netijesinde türkmen halky özüniň onlarça beýik ogullarynyň ylmy-edebi mirasy bilen aň-düşünjelerini ösdürýär. Şeýle parlak ýyldyzlaryň biri-de türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragydyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli edebiýatymyzda hem, halkymyzyň durmuşynda hem örän uly orun aldy. Şahyryň goşgulary aýdym edilip aýdylýar. Şonuň üçin hem akyldar halkyň kalbynda ýaşaýar, onuň şygyr setirleri halkyň dilinde nakyla öwrülýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary ähli babatda gymmatly hazynadyr, egsilmez çeşmedir. Ýaş nesilleri terbiýelemekde hem şahyryň goşgularyna ýygy-ýygydan ýüzlenilýär. Goşgulardaky paýhasly pikirler bilen, biz ýaş nesillerde ýagşylygy, ynsanperwerligi, batyrlygy, watansöýüjiligi terbiýeleýäris. Bu hem şahyryň goşgularynyň gymmatynyň ýokarydygyny aýdyňlygy bilen beýan edýär.
Magtymguly Pyragy öz eserlerini halka ýakyn gepleşik dilinde ýazypdyr. Şeýle hem şahyr halk içindäki nakyllary döredijilikli işläp, öz goşgularynda ussatlyk bilen ulanypdyr. Bu hem şahyryň goşgularynyň ynsan kalbyna örän ýakyn bolmagyna, many-mazmunynyň baý bolmagyna oňat täsir edipdir.
Arkadagly Serdarymyz nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde bu günki gün ýaş dilçiler, edebiýatçylar kemala gelýär. Olar nusgawy edebiýatymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Şonuň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýat nukdaýnazaryndan hem, dil bilimi esasynda hem ylmy esasda öwrenilýär.
Nusgawy edebiýatymyzy, akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Seýranmämmet ANNAMÄMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniò mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 05.12.2022ý.