SANLY BILIM ULGAMY WE DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER

Ýurdumyzda ýaşlara dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilime, ylma aýratyn üns berilýär, Türkmenistan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler geçirilýär.

 

Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 27 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda milli bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, tämiz ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi. Bularyň hemmesi bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwrebap ösüşler bilen üpjün edilýändigini aýdyň beýan edýär. Gazanylan we gazanylýan üstünlikleriň gözbaşy bu pudaklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze, öňdebaryjy daşary ýurt tilsimatlary bilen üpjün etmek we olary ýerlerde doly özleşdirmek bolup durýar.

Biziň ýurdumyzda elektron hasaplaýjy maşynlaryň, kompýuterleriň, skanerleriň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy ylmy taslamalary oňat hilde taýýarlamaga, ylmy hasaplamalary ýokary takyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary giň dünýägaraýyşly kemala getirmek, ylym-bilimi ösdürmek babatdaky tagallalary dil öwrenmek ylmyna hem degişli bolup durýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmaga degişli wezipeleri çözmek üçin daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek işleri bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öz ene diliň sözlük düzümi, leksikasy we ösüşi bilen deňeşdirip, ylmy taýdan öwrenmek möhüm meseleleriň biridir. Ösen ýurtlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmakda, sanly bilim ulgamyna geçmekde daşary ýurt dillerini bilmek zerur bolup durýar. Bu tehnologiýalaryň işleýiş funksiýalary we ýerine ýetirýän işleri esasan iňlis dilindedir. Hünär boýunça innowasion tehnologiýalary dogry ulanmak üçin iňlis diliniň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalardan, tehnikalardan düýpli baş çykarýan türkmen hünärmenleriniň täze nesli kemala getirilýär. Dünýä ylmynda gazanylan täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar. Häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp, durmuşa ornaşdyrylýan işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu babatda sanly bilim ulgamynyň hem möhüm ähmiýetini bellemek gerek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamymyzy sanly ulgama geçirmek babatda işleriň binýadyny ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň zamana bap kompýuter, multimedia enjamlary bilen düýpli enjamlaşdyrylandygynda aýdyň görýäris. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleri, başlangyç hünär we ýörite orta hünär mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri doly derejede döwrebap kompýuter, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek şol ýokary hilli kompýuter, multimedia enjamlaryna degişli sanly ulgam maksat namalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, bilim ulgamy boýunça maglumatlary elektron usulda tiz alyşmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyşyna we alnyp barlyşyna uzak aralykdan gözegçiligi amala aşyrmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyş hili babatda usuly kömekleri we maslahatlary tiz bermek ýaly ugurlarda işleriň hilini ýokarlandyrmakdyr.

Şu mysallardan hem görnüşi ýaly, sanly ulgam gündelik durmuşymyza giňden ornaşyp, biziň we ýaş nesillerimiziň aňymyzy şu günki dünýäniň ösüş depginleri bilen deň derejede ösdürmäge ýardam edýär. Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 

Güljahan MEDJANOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 05.12.2022ý.

Indiki makala

ÇAGA WE KITAP

Meňzeş habarlar