ÇAGA WE KITAP

Kärim kitaphanaçy bolansoň, ýaşajyk ynsanlaryň ruhy dünýäsine aralaşyp, köňül isleglerini öwrenmek mende uly täsir galdyrýar. Näzik, kalby arassa, balkyldap duran gözjagazlaryndan mähir çogup duran çagalar — durşuna bir älem. Ellerine alan kitaplaryna guwanç bilen seredişlerini diýjekmi, olardaky suratlary gözleri bilen hakydasyna ýat bekleýşini diýjekmi, okan eserleriniň gahrymanlary bilen gürleşip, jedirdäp baryşlaryny diýjekmi—bularyň ählisi göreni guwandyrýar. Kitaplar çaga durmuşynyň bir bölegine öwrülende ynsan balasynyň terbiýesi, gör, neneň ajaýyplyklara beslenýär. Körpeleriň, mekdep ýaşyndaky çagalaryň çeper edebiýata bolan höwesini göreniňde kitaphanalarda, mekdeplerde geçirilýän edebiýat agşamlarynyň, iň köp kitap okaýan okyjylar bilen bolýan bäsleşikleriň, döredijilik işgärleri bilen geçirilýän duşuşyklaryň geljekki watançy ýaşlary ýetişdirmekdäki ummasyz ähmiýeti biygtyýar ýadyňa düşýär. Watany söýmegiň, halal ýaşamagyň, duza-nana hormat goýmagyň, dosta, ýoldaşa wepaly bolmagyň, il-gün hakynda oýlanmagyň, milli däp-dessurlarymyzy sarpalamagyň ilkinji başlangyjyny eziz körpelerimiz şol kitaplardan alýar. Çaga kitaby söýse, ondaky edebi gahrymanlar bilen hyýalynda dostlaşyp, olar bilen oýnaýar, gülüşýär, röwşen geljege deň gadam urýar. Şunuň bilen körpelerimiz öz ýaşaýşynda durmuşa akylly-başly çemeleşmegi öwrenýär. Şu ýerde şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

Kitaphanalara gatnaň ýadaman,

Agras, kämil bory üçin pikiriň —

diýen setirleri biygtyýar ýada düşýär.

Bu setirleriň manysy «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen nakyl bilen utgaşyp, bizi ajaýyp döwrümize sarpa goýmaga ruhlandyrýar.

 

Züleýha KAKYŞOWA,

Daşoguz welaýat Çagalar

kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Mugallymlar gazeti. 07.12.2022ý.

Meňzeş habarlar