OKUWÇYLARYŇ DÜNÝÄGARAÝŞYNY ÖSDÜRMEK

Ýurdumyzda ýaş nesle netijeli bilim, asylly terbiýe bermek işi günsaýyn kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar okatmagyň täze görnüşe eýe bolmagyna ýardam berip, mugallymlaryň hem döredijilikli işlemegine itergi berdi. Şonuň netijesinde guralýan sapaklar döwrebaplaşdyryldy, şol bir wagtda okuwçylaryň dürli maglumatlary öwrenmegi gazanyldy.9-njy synp okuwçylary bilen Türkmenistanyň durmuş we ykdysady geografiýasy sapagy guralanda hem innowasion usullardan peýdalanmak özüniň oňyn netijesini berýär. Bu sapakda okuwçylara ýurdumyzyň ykdysady we durmuş geografiýasy, onuň tebigy baýlyklary giňişleýin öwredilýär. Öwredilýän maglumatlara okuwçylaryň doly düşünmegi, olara akyl ýetirmegi üçin multimedia tagtasynda görkezilýän şekillerden, slaýdlardan ýerlikli peýdalanýarys. Olara eziz Watanymyzy, onuň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny görkezýän şekilli wideolary görkezip, geçilýän temanyň täsirli bolmagyny gazanýarys we olarda öwrenmäge bolan islegi ösdürmäge çalyşýarys.

Okuwçylar bilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde ýetilen sepgitler» atly tema geçilende olara bu ugruň ösmeginde hususyýetçiligiň orny, senagatyň, gurluşygyň, oba hojalygynyň, şeýle-de önümçilik pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegi üçin alnyp barylýan işler dogrusynda düşünje berýäris. Multimedia tagtasynda okuwçylara ýurdumyzyň ýylsaýyn özgerýän durmuş-ykdysady pudagyny, onuň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde tutýan ornuny görkezýän wideo şekilleri görkezýäris. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş geografiýasy öwredilende ony häzirki döwür bilen baglanyşdyryp öwretmek ýerlikli bolýar. Okuwçylara ýurdumyz Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna eýe bolanyndan soň ykdysadyýetde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşulandygyny aýdyp, olara geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan ösüşler, özgerişler barada gürrüň berýäris, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da güýçlenmegine ýardam beren syýasy wakalar barada hem belläp geçýäris. Esasan-da, ylym we bilim ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň edilende, okuwçylara häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalarda bilim alýandyklaryny, şonuň netijesinde bolsa, okuw işiniň düýpli kämilleşip, okatmagyň innowasion usullarynyň ýola goýlandygyny düşündirýäris.

Geçilýän temanyň täsirliligini artdyrmakda okuwçylara berilýän ýumuşlaryň örän uly peýdasy bardyr. Olara Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde amala aşyrylan netijeli işleri, şeýle-de ilatyň durmuş goraglylygyny we ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmagy üpjün etmekde häzirki wagtda nähili işleriň alnyp barylýandygyny öwrenip gelmegi tabşyrmak bolýar. Şonda olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, internetden, şeýle-de beýleki gollanmalardan peýdalanmaly bolýarlar. Bu bolsa olaryň bilesigelijilik ukybynyň artmagyna, özbaşdak pikir ýöredip bilmek başarnyklarynyň kämilleşmegine, öwrenen maglumatlaryny sözleýişde çeper beýan edip bilmek ukyplarynyň ösmegine ýardam berýär.

 

Maksat MUHYÝEW,

Halaç etrabyndaky 2-nji

orta mekdebiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 07.12.2022ý.

Meňzeş habarlar