Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklaryna, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Arkadagly Serdarymyz çuň manyly çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly». Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de geljegi bolan ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär.
Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýarlar.
Şu ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine ynanýandygyny nygtady. Bu gün ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyzyň ähli ýerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy. Şeýle-de bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, iş başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary öwrenmeklerine ýardam bermek meselelerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasaty milli kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen kadalaryň esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman dünýäsiniň syýasy ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşlerinde strategik güýç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara gatnaşyklarda hem möhüm orny eýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda ýaş, kalby joşgundan doly we işe, okuwa, ylma-bilime yhlasly ýaşlaryň dünýä dillerini öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şol maksatlar dünýä we sebit abadançylygynyň gülläp ösmegine gönükdirilendir.
Ösüp gelýän ýaş nesil barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Patyşaguly GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 07.12.2022ý.