Baky Bitaraplyk — dünýäniň halklary, sebitleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýolundaky Türkmenistanyň abraý-mertebesi dünýä derejesinde has-da belentdir. Munuň özi dünýä döwletleriniň Türkmenistana gyzyklanmasyny artdyrýar. mizemez köprüdir. Şonuň üçinem bu günki gün hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraý mertebesi dünýä derejesinde has-da belentdir. Munuň özi dünýä döwletleriniň Türkmenistana gyzyklanmasyny artdyrýar.
Mälim bolşy ýaly, umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary, ählumumy taryh, jemgyýeti öwreniş derslerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barada giňişleýin düşünje berilýär. Halkymyzyň buýsanjy bolan baky Bitaraplygymyz barada okuwçylara başlangyç synplardan başlap düşünje bermek möhümdir. Şonuň üçin dünýä dilleri öwredilende hem dost-doganlyk ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjiligimiz hakynda beýan edýäris. Mysal üçin, baky Bitaraplygymyz hakynda rus dilinde sözlemleri düzdürýäris. Munuň netijesinde okuwçylar daşary ýurt dillerinde pikirlenişi ösýär hem-de asylly ýörelgelerimiz barada beýan etmegi öwrenýärler.
Daşary ýurt dilleri okadylanda tekstler okadylýar, okalan sözlemler terjime edilip öwredilýär. Şunda baky Bitaraplygymyz baradaky tekstler saýlanyp alynýar hem-de okuwçylara okadylýar. Okuwçylar okan sözlemlerini türkmen diline terjime edýärler, düşünjelerini baýlaşdyrýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde hem halkymyzyň milli ýörelgesi, parahatçylyk söýüjilik hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bu ajaýyp eserler hem dünýä dillerine terjime edilip, ähli ynsanyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini okanyňda hem parahatçylygyň, durnukly ösüşiň ýurdumyzyň Bitaraplygynda jemlenendigini görmek bolýar. Bitaraplyk biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgesidir. Şonuň üçin hem okuwçylara bu kitaplaryň dünýä dillerinde hem çap edilendigini düşündirýäris. Olarda bu ajaýyp kitaplary okamaga höwes döredýäris.
Soňra interaktiw tagtada tema degişli fotosuratlar, şekiller görkezilse gowy bolýar. Hususan-da, «Bitaraplyk», «Abadançylyk» binalarynyň, bagtyýar ýaşlaryň suratlary çagalaryň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzdaky bu ajaýyp binalar hakynda rus dilinde gürrüň bermek bilen sapagyň täsirliligini has-da artdyrýarys. Rus dili sapaklarynda şeýle usullaryň ulanylmagy okuwçylarda daşary ýurt dilini öwrenmäge höwes döredýär we olarda watansöýüjilik düşünjesini kemala getirýär.
Ogulnur HOMMATLYÝEWA,
Ýolöten etrabyndaky 20-nji orta
mekdebiň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 12.12.2022ý.