DOGANLYK HALKLARYŇ DIL MEŇZEŞLIKLERI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan ýörelgeleri öňe sürýär. Köpasyrlyk ýakyn taryhy bolan türkmen, türk, azerbaýjan halklaryny dost-doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Gadymy taryhy kökleri ýakyn bolan Türkmenistan, Türkiýe we Azerbaýjan döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär we barha berkeýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen, türk, azerbaýjan dilleri kowumdaş dillerdir. Olaryň dilleriniň leksikasynda umumylyklar köpdür. Olar, esasan, fonetik taýdan tapawutlanýarlar. Umumylyklary durmuşyň dürli ugurlaryna degişli sözlerde görmek bolýar. Mysal üçin, türkmen we azerbaýjan dilleriniň leksikasyndaky umumylyklary şeýle görnüşde bermek mümkin, ýagny deňizçilik bilen baglanyşykly sözler. Munda esasan, gämi, gaýyk atlarynda, olaryň böleklerini aňladýan sözlerde umumylyklar has-da köpdür. Mysal üçin, gaýyk-gaýyg, deňiz-däniz, derýa-därýa, tupan-tufan, ýelken-ýekän, gämi-kämi, naw-naw we ş.m. Kesp-kär bilen baglanyşykly sözler: gaýykçy-gaýygçy, balykçy-balygçy, awçy-owçu, guşçy-guşçu, ýylkyçy-ilhyçy we beýlekiler. Ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine degişli sözler: gamyş-gamyş, ot-ot, ördek-ördäk, balyk -balyg, suwýylan-suilany, tazy-tazy, azatmahy-azatmaýy we ş.m. Guşçulyk bilen baglanyşykly leksik birliklerde hem birmeňzeşliklere gabat gelmek bolýar. Mysal üçin, tarlan-tärlan, gyrgy-gyrgy, laçyn-laçyn
we beýlekiler. Bulardan başga-da, türkmen we azerbaýjan dillerinde azyk önümleri bilen baglanyşykly sözlere şular degişlidir: kelem-käläm, hyýar-hiýar, erik-ärik, alma-alma, çörek-çöräk we ş.m.

Türkmen we türk dilleriniň leksikasyndaky käbir umumylyklar hökmünde şulary görkezmek mümkin. Mysal üçin: türkmençe: deňiz—türkçe: deniz; türkmençe:gämi—türkçe:gemi; türkmençe: gaýykçy—türkçe: kaýykçi; türkmençe: balykçy—türkçe: balykçi; türkmençe: awçy—türkçe: avçy; türkmençe:ot—türkçe: ateş; türkmençe: gamyş—türkçe: kamyş; türkmençe: laçyn—türkçe: şahin we beýlekiler.

Türkmen we türk halklarynyň nakyllarynda-da meňzeşlikler köpdür. Olaryň käbirleri aşakdakylardan ybaratdyr: türkmençe: «Akyl ýaşda däl, başda»—türkçe: «Akyl ýaşta degil, baştadir». Türkmen we azerbaýjan dillerinde hem meňzeş nakyllar bar. Mysal üçin: türkmen dilinde: «Akyl ýaşda däl, başda», azerbaýjan dilinde: «Akyl ýaşda olmaz, başda olur» we beýlekiler.

Türkmen, türk, azerbaýjan halklarynyň sözlük gorundaky meňzeşlikler adam atlarynda hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Mälim bolşy ýaly, atlar her bir halkyň öz milli däp-dessurlaryna görä dakylýar. Türki halklaryň arasynda gylyk-häsiýetlerinde, däp-dessurlarynda umumylyklar, biri-birine meňzeşlikler köp. Gadymdan bäri dowam edýän syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar, olaryň atlarynyň arasynda hem özara meňzeşligiň köpelmegine getiripdir.

Ylmy çeşmelerden belli bolşy ýaly, ähli türki diller özleriniň sözlük düzümi, grammatik we fonetik gurluşy boýunça bütin bir kowumdaş diller toparyny düzýär. Şonuň üçin hem türki dillere degişli bolan türkmen, türk, azerbaýjan ýaly milletleriň antroponimiýasynyň arasynda umumylyklar bilen bir hatarda, olaryň arasynda özara aýratynlyklarynyň hem bardygy duýulýar. Ol tapawutlar, esasan, ýerli toponimler, şiwe sözleri, atlaryň görnüşi, şeýle hem diliň fonetik aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Mahlasy, garyndaş dilleriň grammatik gurluşynda, sözlük düzüminde, ýazuwda we aýdylyşda hem özüne mahsus tapawutlyklaryň bardygyny bellemek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýokary derejedäki duşuşykda gazanylan ylalaşyklar halkara hyzmatdaşlygynyň täze eýýamyny açýar» diýip bellemegi Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklarda deňhukuklyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerýändigini aňladýar.

Goý, halkymyzyň dilini, edebiýatyny, medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ata GYLYJOW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli

golýazmalar institutynyň bölüm müdiri,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Mugallymlar gazeti. 14.12.2022ý.

Meňzeş habarlar