KÖRPELERIŇ PIKIRLENIŞ UKYBYNY ÖSDÜRMEK

Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, mekdebe taýýarlygynyň talaba laýyk bolmagyny göz öňünde tutup, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ýönekeý matematiki düşünjelerini ösdürmekde öwrediji oýunlaryň uly ähmiýeti bar. Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde peýdalanylýan öwrediji oýunlar birnäçe toparlara bölünýär, ýagny olara sanlar bilen baglanyşykly oýunlar, wagt düşünjelerini öwretmek boýunça oýunlar, ugur kesgitlemegi öwredýän oýunlar, eometrik şekiller bilen geçirilýän oýunlar, pikirleniş ukybyny ösdüriji oýunlar degişli bolup durýar.

Çagalara 10-a çenli öňe we yza sanamagy öwredýän oýunlar hem bar. Munda dürli predmetleriň toparlary deňeşdirilip, çagalar 1-den 10-a çenli sanlar bilen tanyşdyrylýar. San tagtasyndaky ýerleşdirilen predmetleriň toparlary deňeşdirilýär we çagalara sanlary yzygiderlilikde ýerleşdirmek tabşyrylýar. «Haýsy san ýitdi?», «Näçe?», «Bulaşyklyk», «Ýalňyşlygy düzet!», «Sanlary kemeldýäris» ýaly öwrediji oýunlary diňe sapakda däl-de, sapakdan daşary pursatlarda hem oýnatmak mümkin. Şeýle oýunlar arkaly, 10-a çenli sanlary erkin ulanyp, çagalaryň öz hereketlerini sözler bilen düşündirip bilmegi gazanylýar. «Goňşulary atlandyr!» oýnunda çagalar tegelek bolup durýarlar.

Terbiýeçi tegelegiň ortasynda durup, çagalaryň birine her tarapyndan san belgisi ýerleşdirilen oýnawajy oklaýar. Çaga oýnawajyň ilki öz ýanyndakysynyň sanyny aýdýar, soňra onuň öňünden we yzyndan gelýän sanlary aýdýar. Mysal üçin: «5», goňşulary «4» we «6».

«Sany ýatdan belle!», «San, seniň adyň näme?», «Jedweli düz!», «Sany düz!», «Kim bilmeşek?», «Kim birinji aýdar?» ýaly öwrediji oýunlar sapakda hem-de sapaklardan daşarky pursatlarda ulanylyp, çagalaryň ünslüligini, ýatkeşligini, pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Mysal üçin: «Üzülen sanlary tap!», «Sanlaryň içinden aýdylan sany tap!», «Sanamagy dowam et!», «Ýalňyşman sana we aýt!», «Meňzedip düz!» ýaly oýunlar çagalarda ýönekeý matematiki düşünjeleri ösdürmekde ähmiýetlidir.

«Ýalňyşman sana!» oýny tertip sanlaryň yzygiderliligini özleşdirmegi, çagalaryň sanlary öňe we yza sanamak endiklerini kämilleşdirýär. Bu oýun körpelere pökgi bilen oýnadylýar we çagalar ýarym tegelek bolup durýarlar. Oýnuň öňünde terbiýeçi çagalara sorag berýär: «Nähili sanamaly? Öňemi ýa yza?» Soňra pökgini çaga oklap, sany aýdýar. Pökgini gapan çaga şol sanyň yzyny dowam etdirýär. Oýun çalt depginde geçirilýär. Ýumuşlar köp gezek gaýtalanylyp, mümkin boldugyça köp çaganyň oýna gatnaşmagyny gazanmaly. Tertip sanlary berkitmek üçin ertekileriň gahrymanlarynyň suratlaryny, jedwelleri ulanmak oňaýlydyr. «Sanlar Ýartygulaklara myhmançylyga barýarlar, haýsy san ilkinji barýar, nuň yzyndan haýsy san ýöreýär?» we ş.m. Şeýlelikde, soraglaryň üsti bilen, çagalaryň tertip sanlary ýatda saklamak endikleri berkidilýär.

Matematiki oýunlaryň ikinji topary (wagt düşünjelerini öwretmek boýunça syýahat oýunlar) çagalary hepdäniň günleri bilen tanyşdyrýar. Terbiýeçi çagalara hepdäniň günleriniň hersiniň özüniň adynyň bardygyny düşündirýär. Çagalar hepdäniň günlerini ýatda saklar ýaly, olaryň hersini dürli reňkli tegelekler bilen bellemeli. Toparda hepdäniň her bir gününi reňkli tegelek bilen belläp, birnäçe hepdäniň dowamynda terbiýeçi bilen bilelikde synlama geçirmeli. Munuň maksady çagalaryň hepdäniň günleriniň yzygiderliliginiň üýtgemeýändigi barada özbaşdak netije çykaryp bilmegini gazanmakdyr. Hepdäniň günleriniň atlary çagalaryň ýadynda galar ýaly, dürli öwrediji oýunlar bar. Çagalar uly höwes bilen «Janly hepde» atly oýny oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin 7 çaga saýlanyp alynýar. Olaryň hersine hepdäniň gününi aňladýan dürli reňkli tegelek berilýär. Mysal üçin: duşenbe — ýaşyl tegelek, sişenbe — sary tegelek we ş.m. Çagalar hepdäniň günlerini yzygiderlilikde düzýärler. Soňra oýun çylşyrymlaşdyrylýar. Çagalar hepdäniň günleriniň tertibine garamazdan, islendik bir gününden başlap hatara düzülmeli. Mysal üçin, çagalar çarşenbeden başlap, hatara düzülýärler. Soňra çagalara hepdäniň günleriniň, aýlaryň atlaryny we yzygiderliligini çalt ýat tutdurmak üçin «Çaltrak atlandyr!», «Hepdäniň günleri», «Goýberilen sözi aýt!», «Ýylboýy», «Ýylyň 12 aýy» ýaly öwrediji oýunlary oýnadyp bolýar.

Çagalary gyzyklandyrmak we sapagyň netijeli bolmagy üçin ertekileriň gahrymanlary bilen bagly oýunlar ulanylýar. Mysal üçin: «Oýnawajy tap!» oýny, Terbiýeçi: «Bize Ýartygulak gelip gidipdir. Ol bize sowgat getiren oýnawaçlaryny toparda gizläp goýupdyr. Olary nädip tapmalydygyny bolsa, hatynda ýazypdyr. Geliň, onuň ýazyp goýan hatyny okalyň!» diýýär. Soňra haty terbiýeçi okaýar. Onda şeýle ýazylan: «Terbiýeçiniň stolunyň öňünde durmaly, soňra 3 ädim saga ýöremeli we ş.m.». Çagalar ýumşy ýerine ýetirip, oýnawaçlary tapýarlar. Soňra ýumuşlar çylşyrymlaşýar. Çagalara oýnawajyň gizlenen ýerini çyzgy boýunça tapmak tabşyrylýar. Gizlenen oýnawajy çagalar ugur görkezýän çyzyklar boýunça anyklamaly. Çagalara giňişlikde ugur tapmagy öwretmek üçin oýunlar we gönükmeler örän köp. Mysal üçin: «Meňzeşini tap!», «Suratkeş», «Toparyň içinde syýahat» we beýlekiler bulara degişli mysallardyr. Ýokarda görkezilen oýunlary oýnap, çagalar bilelikde ugur tapmagy hem-de predmetleriň ornuny kesgitlemek üçin sözleri dogry ulanmagy öwrenýärler.

Körpeleriň pikirleniş ukybyny ösdüriji oýunlary öwretmegiň hem ähmiýeti bar. Bu oýunlar arkaly mekdebe çenli ýaşly çagalarda pikirleniş ukybynyň başlangyç esaslary emele gelýär. Öz pikirini beýan edip bilmek we netije çykarmak ýaly endikler ösdürilýär.

Mekdebe çenli ýaşly çagalarda ýönekeý matematiki düşünjeleri ösdürmek sapaklarynda hem-de sapakdan daşary çärelerde ulanylýan şular ýaly öwrediji oýunlar, ýumuşlar we gönükmeler 56 ýaşly çagalaryň pikirlenişini, ünslüligini hem-de aň-düşünjesini ösdürýär we okuw maksatnamasyny çalt özleşdirmäge ýardam edýär.

 

Ogulkeýik AMANOWA,

Aşgabat şäherindäki 142-nji çagalar

bagynyň terbiýeçi-usulçysy.

Mugallymlar gazeti. 14.12.2022ý.

Meňzeş habarlar