Häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sapaklaryň guralyşyna aýratyn üns berilýär. Döwrebap sapagy guramak mugallymdan döredijilikli işlemegi talap edýär. Ilkinji nobatda, mugallym sapaga oňat taýýarlyk görmeli. Sapagyň netijeli bolmagy üçin okuwçylaryň işjeňligini gazanmaly, geçilýän temany giňişleýin beýan etmeli, ony durmuş bilen baglanyşdyrmaly, okuwçynyň şol tema bolan gyzyklanmasyny döretmeli bolýar.
Mugallymyň her günki okadýan sapagyna taýýarlykly gelmegi, gündelik sapak ýazgylarynyň talabalaýyk bolmagy onuň şol günki üstünliginiň ilkinji görkezijisidir. Mugallymyň üstünligi onuň geçilýän temanyň mazmunyny okuwçylara düşündirip bilmek başarnygyna, hünär ussatlygyna, usuly taýdan taýýarlygyna bagly bolup durýar.
Sapak ýazgysynda sapagyň maksady, görnüşi, esbaby, guramaçylyk işleri, öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak, geçilen temany jemlemek, täze temany düşündirmek, täze temany berkitmek, öý işini tabşyrmak, sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak bölümlerinde şol günki sapagyň düýp mazmuny, özeni şöhlelenmelidir.
Öý işini soramagyň maksady okuwçylaryň geçilen sapak boýunça bilimlerini ýüze çykarmakdan, okuw maglumatlarynyň özleşdirilişini kesgitlemekden ybaratdyr. Sapagyň bu döwründe okuwçylaryň öňünde geçilen tema boýunça anyk sowallar goýulýar. Okuwçylara gürrüň berdirmek, synp tagtasynda suratlaryň üstünde, barlagnama boýunça işlemek, sorag-jogap alyşmak ýaly işler geçirilýär. Mugallym sapagyň öý işini soramak döwrüni dürli hili gurap bilýär.
Geçilen temany jemlemek bölüminde bolsa geçilen tema boýunça esasy düşünjeleri gaýtalap berkitmeli we täze temany düşündirmäge sazlaşykly geçmeli bolýar.
Täze temany düşündirmäge umumy wagtyň iň köp bölegi, ýagny 20-25 minut we ondan hem köp wagt berilýär. Mysal üçin, biz 7-nji synp okuwçylary bilen türkmen dilinden «San çalyşmalary» diýen temany geçenimizde, ony düşündirmek üçin şeýleräk meýilnama boýunça iş alyp barýarys. Mysal üçin: san çalyşmalary we olary aňladýan sözler; san çalyşmalarynyň sanlardan tapawudy.
Temany düşündirmegiň meýilnamasyny synp tagtasynda ýazyp goýmagymyz temany yzygiderlilikde düşündirmäge şert döredýär. Ony berkideniňde temanyň düýpli düşünjeleri we soraglary boýunça okuwçylara birnäçe sowallary, ýumuşlary tabşyrmak bolýar.
Okuwçylaryň jogaplary olaryň täze temany nähili derejede özleşdirendiklerini ýüze çykarmaga kömek edýär.
Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
44-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 14.12.2022ý.