KÄMILLIGIŇ BERK BINÝADY

Ylym-bilimi ösdürmek ösüşleriň baş şerti bolup, her bir işiň gözbaşynda ol esasy orunda durýar. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň dürli pudaklara ornaşdyrylýan häzirki döwründe kämil ylma daýanýan innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Ýaşaýyş-durmuşymyzyň her bir bölegini kämilleşdirmek, tehnologiýalaşdyrmak bilen biz barha işjeňleşýäris.

Halkymyzda ylym öwrenmek mukaddes hasaplanylýar. Pähimdar ata-babalarymyz ylym-bilimi ösdürmegiň, ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygy hakynda birnäçe parasatly sözleri, nakyllary döredipdir. «Ylymly il ozar», «Bir okana bar, bir—dokana» ýaly nakyllar, parasatly sözler pederlerimiziň ylym-bilime uly hormat bilen garandygyny aňladýar. Häzirki döwürde hem pederlerimiziň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär, döwrebap ösdürilýär. Hut şu jähetden, ýurdumyzda döwlet syýasatynyň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, ýaşlary ylmy işlere çekmekden, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakdan, Watanymyzyň kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary nazary bilimlere kämilleşmekleri, amaly endikleri ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda döwletiň ösüşiniň we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy ylym ulgamyndaky ýagdaý bilen gönüden göni baglanyşyklydyr. Ylmy barlaglaryň geçirilmegine uly üns berilýän islendik ýurtda ylma esaslanýan tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Bu maksat üçin ýeterlik derejede maliýe, maglumat, önümçilik we bilim serişdeleri bölünip berilýär.

Halkara derejesinde ylmy önümçiligi amala aşyrmaga ukyply ýaş alymlaryň täze tapgyryny kemala getirmek we olary goldamak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem ýaş alymlaryň täze we inženerçilik pikirlerini,senagat innowasiýa we maglumat tehnologik işläp taýýarlamalaryň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmekde ähli şertler döredilýär.

Ösüşlere beslenýän döwrümizde ylma esaslanýan anyk başlangyçlaryň netijesinde, halkymyzyň abadan durmuşynyň mundan beýläkde pajarlamagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Nano, himiýa we kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman serişdelerini işläp taýýarlamak, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de tohumçylyk, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary, lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçilik tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ileri tutulýan meseleler boýunça uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen köptaraply, mazmuny boýunça çuňňur ylmy-barlag özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Şunda döwrebap ugurlar kemala gelip, ylmyň netijeliligi has-da ýokarlanýar. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş hünärmenleri taýýarlamak we ylma esaslanýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap özgertmeleri amala aşyrmak ýaly möhüm ähmiýetli işleriň alnyp barylmagyna ýardam edýär.

Giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek, ylym-bilimi ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Akjagül KÖÇÄÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň uly mugallymy, ykdysady

ylymlaryň kandidaty.

Mugallymlar gazeti. 19.12.2022ý.

Meňzeş habarlar