ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE MATALLARYŇ ÄHMIÝETI

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde serişde we usul hökmünde matallary ýerlikli ulanyp bilmegiň ähmiýeti uludyr. Matal halk döredijiligi bolmak bilen, çaganyň terbiýesinde uly orna eýedir. Çaga matallaryň ýorgudyny, çözgüdini tapmak üçin daş-töweregi içgin öwrenýär, tebigata bolan garaýşy üýtgeýär. Çagada duýgudaşlyk, mähremlik ýaly häsiýetler terbiýelenýär, düşünjesi giňeýär. Matal çaganyň diňe bir terbiýesine täsir etmän, eýsem, pikirleniş ukybyny, ünslüligini, synçylygyny, ugurtapyjylygyny, sözleýiş derejesini ösdürmekde we işjeňligini gazanmakda uly ýardam edýär.

Matalyň esasy aýratynlygy onuň logiki mesele bolup durýandygyndadyr. Her bir matal açyk ýa-da ýapyk görnüşde berlen soragdan durýar. Matallaryň many-mazmuny adamyň durmuşy, daş-töwerek, ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy hadysalar, durmuş, zähmet gurallary bilen bagly bolýar.

Mataly ýorup bilmek, soragyň jogabyny, meseläniň çözgüdini tapmak—bu çylşyrymly logiki pikirlenmäni amala aşyrmagy aňladýar. Köplenç ýagdaýda matalda ugrukdyryjy sypatlar (tagamy, reňki, ululygy, sesi, hereketi we ş.m.) we hereketler beýan edilýär. Şol predmetleriň sypatlaryna we hereketlerine laýyklykda matalyň jogabyny tapmak bolýar. Mysal üçin:

Bir guş tutdum, jany ýok,

Başyn kesseň gany ýok.

Içinde üç ýumurtga,

Jüýjesiniň sany ýok

(Gawun).

Ýeri ak

Tohumy gara

El bilen ekerler

Dil bilen orarlar

(Hat).

Käbir matalda jogabyň häsiýetnamasy gysgaça, ýönekeý sözlem görnüşinde berilýär. Bu ýagdaýda matalyň çözgüdiniň iki, kä ýagdaýlarda bir sypatyna laýyklykda jogabyny tapmaly bolýar.Meselem:

Oýup aldym yzy ýok (Suw).

Alaja ýüpüm dag aşar (Göz).

Ýapy üstünde ýarty çörek (Aý).

Çaganyň matallaryň jogabyny tapmagy üçin, onuň mazmuny bilen tanşyp, deňeşdirip bilmek
başarnygynyň bolmagy hökmanydyr (suwuň häsiýetine görä oýulmaýandygy, gözüň alaja ýüpe ýa-da Aýyň ýarty çörek bilen meňzeşliginiň bardygy).

Käbir matallaryň jogabyny tapmak üçin uzak wagtyň dowamynda geçirilen synyň netijesi gerek bolýar. Sorag sözlemleriniň getirilmegi bolsa, diňleýjiniň ünsüni özüne çekmek bilen jogaby talap edýär. Sorag sözlemi özboluşly çakylyk bolup, işjeň pikirlenmäge itergi berýär:

Bugdaýlar bişýär,

Miwe ýetişýär,

Gije gysgalýar,

Bu haçan bolýar?

(Tomus).

Matallar halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, ir döwürden başlap ýazyjylardyr şahyrlaryň ünsüni özüne çekipdir. Şol sebäpli käbir ýazyjydyr şahyrlaryň döredijiliginde matal häsiýetli goşgulara (tapmaçalara) gabat gelmek bolýar. Matallar kyssa görnüşinde, tapmaçalar bolsa diňe goşgy görnüşinde düzülýär. Şonuň üçin hem tapmaçalarda goşgy kadalary saklanylýar. Matalyň manysyny oýlap tapmaga matal otarmak hem diýilýär.

Çapgyn şemal şowlap öter

Günüň ýüzün bulut tutar.

Gökden inen çym-ak ýorgan

Bütin ýeriň ýüzün tutar.

Öý içinden çykan daşa

Galyň geýer eginbaşa.

Şeýlepasylhaçanbolar—

Suwlar gatap döner daşa?

Ol haçanka?

Ol haçanka?

Kim bilmeşek?

Kim bilmeşek?

(Gyş pasly).

Milli däp-dessurlary dowam etdirmek bilen awtor tarapyndan düzülen matallar predmetleri sypatlandyrmak ýa-da tebigy hadysalary deňeşdirmek arkaly düzülse-de, halk matallaryndan düýpli tapawutlanýar. Häzirki döwrüň matallary, düzgün bolşy ýaly, edebi bolmak bilen, çözgüdi tehniki ösüşler, häzirki döwrüň durmuşy bilen baglanyşykly bolýar.

Ýyndam atym ýag içer,

Menzil-menzil ýol geçer

(Ulag).

Salam getirdi,

Sesin umma ýetirdi.

«Sag bol, dostum!» diýensoň

Arkaýynja oturdy

(Telefon).

Edebi matallar halk matallaryndan görnüşi boýunça-da tapawutlanyp biler. Halk matallary diňe aňyňda ýatda saklanyp galýandygy sebäpli, gysga görnüşde bolýar:

Pessejik tamdan

gar ýagýar

(Elek we un).

Çaga matallaryň çözgüdini ýormaga höwesli bolýar. Matallaryň jogabyny tapmak çagalaryň aňyny tertipleşdirmek bilen, logiki pikirlenişini, derňäp bilmek, subut etmek, seljermek, umumylaşdyryp bilmek hem-de özbaşdak netije çykaryp bilmek başarnygyny ösdürýär we olarda şatlyk duýgusyny döredýär.

Matallar özünde daş-töwerek barada giňişleýin maglumat toplaýar. Matallaryň bu aýratynlygynyň çagalaryň ünslüligini ösdürmekde, bilimlerini berkitmekde, olarda tebigatda bolup geçýän hadysalara gyzyklanma döretmekde we oňa akyl ýetirmekde uly täsiri bardyr. Matallar çaganyň öňünde soraglar goýýar: näme? Nämeden edilen? Nämä niýetlenen?

Ýere urdum paltany,

Agzy gyzyl haltany,

Ýerden bir oglan çykdy,

Uly iliň soltany

(Bugdaý).

Berk agaç diýip,

Hemmeler nygtar.

Ýapragy—ýüpek

Agajy—dutar

(Tut).

Matallar halkymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmekde hem ähmiýetlidir. Olar ýaşlaryň duýgusyna, göz öňüne getirmesine oňaýly täsir edip, bilimlerini baýlaşdyrýar, pähim-paýhaslaryny artdyrýar. Ýaş nesle edep-terbiýe bermekde, olary kämil ynsan edip ýetişdirmekde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan matallaryň orny uludyr. Milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulhajat ALTAÝEWA,

Türkmenistanyň Milli bilim

institutynyň Mekdebe çenli

terbiýe we başlangyç bilim

bölüminiň esasy ylmy işgäri.

Mugallymlar gazeti. 21.12.2022ý.

Meňzeş habarlar