Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biridir. Sanly bilim ulgamy sanly ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr. Şunuň netijesinde wagty tygşytlamak, iş ýöredilişini çaltlandyrmak, tehnologiýany ösdürmek we bu babatda ýaşlaryň başarjaňlyklaryny artdyrmak ýaly esasy bähbitler gazanylýar. Şundan ugur alyp, ylymlybilimli, sagdyn, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem ösüşlere alyp gitjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysady ýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen birlikde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmäge, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy taslamalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümiň senagat we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynyň ösüş maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy üstünlikli alnyp barylýar.
Häzirki wagtda jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda sanly serişdeleri giňden peýdalanmakda ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň anyk ugurlary ýola goýuldy. Bu günki günde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden durmuşa ornaşdyrylyp, özüniň oňyn netijesini beýan edýär. Ähli pudaklar döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilip, dürli programma üpjünçiligi üstünlikli alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hem pudaklarda sanly ulgamy has-da ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Şunda ýaş hünärmenleri taýýarlamak, sanly ulgamy ösdürmek esasy ugur bolup durýar. Sanly tehnologiýalara oňat düşünýän ýaşlar bu ugruň geljekde hem ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri,ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik ylmy barlaglary möhüm ähmiýete eýedir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň giň dünýägaraýyşlary möhüm ähmiýetlidir. Munuň özi ösüşleriň döwrebap, ylmy esasda gazanylmagyny üpjün edýär.
Şeýle il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli oňyn işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.
Kemal TÄÇMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 21.12.2022ý.