SAPAGY GURAMAGYŇ USULLARY

Häzirki döwürde ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki dil möhüm aragatnaşyk serişdesidir. Şu nukdaýnazardan, dünýä dillerini öwretmegiň dürli usullary ylmy esasda öwrenilýär we tejribede ulanylýar.

Bilime teşne ýaşlaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak, olara daşary ýurt dillerini öwretmek, bu dillerde suwara gepläp, erkin pikirlenip bilmeklerini gazanmak mugallymlaryň öňündäki möhüm wezipedir. Bu işlere çagalar heniz birinji synpda wagty başlamak we yzygiderli alyp barmak möhümdir.

Islendik işi başlamak üçin onuň peýdasyna akyl ýetirmek gerek. Has anygy, dil öwretmek üçin hem, ilkinji nobatda, okuwçylara onuň peýdaly taraplaryny, ähmiýetini düşündirmeli, olarda höwes döretmeli. Özi-de muny birki gezek däl-de, ýygy-ýygydan ýatladyp durmaly. Şunda dil öwrenmegiň seniň üçin täze bir dünýäni açýandygyny aýtmaly, paýhasly sözlere ýüzlenmeli. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Dil—akylyň açary», «Dil—ýüregiň açary», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly nakyllardan peýdalanmak hem maksada laýykdyr.

Köp ýagdaýda okuwçynyň derse gatnaşygy we ony öwrenmekdäki üstünligi mugallymyň sapagy gyzykly we täsirli guraýşyna bagly. Innowasion tehnologiýalary ulanmagyň we bilimiň usulyýet binýadyny berk itmegiň işlenip taýýarlanylan meýilnamalary täze many-mazmun we oňyn başlangyçlar bilen baýlaşdyrylýar. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň sözleýşini ösdürmek hem-de olara ýazuw kadalaryny öwretmek baş maksat hökmünde kesgitlenilýär. Sözleýşiň dürli görnüşleriniň kemala gelmegine gönükdirilen temalar, tekstler, meseleler, ýumuşlar başarnyklaryň we endikleriň ösdürilişinde daşary ýurt diliniň aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanylmagy bilen, häzirki zamanda hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşygyň işjeňligini üpjün edýär.

Şu ýerde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň netijeliliginiň çaganyň ösüş döwri bilen baglydygyny nygtamak örän ýerliklidir, sebäbi çaganyň irki ösüş döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar. Çagalykdan dil öwrenýän çaganyň beýnisindäki «sözlük gory» beýleki deň-duşlary bilen deňeşdirilende has ösendir. Munuň şeýledigini lukmanlar hem tassyklaýarlar.

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde şol dilde ýazylan çeper eserleri okamagyň uly ähmiýeti bar. Çeper eserleri özbaşdak okamak okuwçylaryň bilimini artdyrmaga, dünýägaraýşyny giňeltmäge we olaryň okamak endiklerini ösdürmäge kömek edýär. Okuwçylarda çeper eserleri okamaga bolan höwesi döretmek we ösdürmek mugallymlara we ata-enelere baglydyr. Çagalar heniz kiçikä, okamagy öwrenmänkäler, ata-eneleri olara ertekileri okap berýärler, gysgajyk goşgulary ýatdan öwredýärler, soňra olar mekdebe gatnap, özbaşdak okamagy öwrenýärler. Kiçi synp okuwçylary üçin iňlis dilinde ýörite suratly kitaplar täsirli bolýar. Uly synp okuwçylary bolsa, biraz çylşyrymlyrak, uly göwrümli çeper eserleri okamagy endik edinmelidirler.

Çeper eserleri okanynda okuwçylar dürli-dürli täze sözleriň üstünden barýarlar, şunlukda olary terjime etmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu bolsa okuwçylaryň sözlükler bilen işlemek başarnygyna eýe bolmaklaryny talap edýär. Şu nukdaýnazardan, mugallymlar okuw sapaklarynda sözlükler, olaryň görnüşleri, sözleri gözläp tapmagyň we many-öwüşginini tapawutlandyrmagyň usullary barada durup geçmelidirler. Edil çeper eserler ýaly sözlükler hem dürli bolýarlar. Olaryň hem kiçi ýaşlylar üçin belli bir temany öz içine alýan sözleri özünde jemleýänleri, uly göwrümlileri-de bar.

Daşary ýurt dilleri öwrenilende sözleri reňkli galamlar bilen ýazmagyň, suratlaryň üsti bilen düşündirmegiň, audio ýazgylary diňlemegiň, oýunlar arkaly sözleri gaýtalamagyň ähmiýeti örän uludyr. Kä halatlarda daşary ýurt dilini öwrenýän çaga şol dildäki sözleri dogry we dürs ýazmagy başarsada, gepleşik dilinde käbir sözleri aýtmakda kynçylyk çekýär. Şeýle ýagdaýda çeper okaýşy guramak, gepleşik diliniň üstünde köpräk işlemek derwaýyslygy ýüze çykýar. Munuň üçin her günki guralýan sapakda goşgulary we ýaňyltmaçlary ýatdan aýtmak, audio ýazgylary diňlemek we sözleri ugurdaş gaýtalamak ýaly usullar özüniň oňyn netijesini berýär. Tehniki serişdeleriň kömegi bilen berilýän bilim okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.

 

Mehri BAHRAMOWA,

Çärjew etrabyndaky

ýöriteleşdirilen 42-nji orta

mekdebiň mugallymy.

Meňzeş habarlar