Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tebigaty we onuň haýwanat dünýäsini gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw-terbiýeçilik işlerinde haýwanlaryň aýry-aýry görnüşlerini we olaryň emele getirýän tebigy toparlanmalaryny, şeýle-de tebigatyň beýleki aýlyklaryny rejeli peýdalanmak we gorap saklamak babatda giňişleýin düşünje berilýär. Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli çärelere mekdep okuwçylarynyň jogapkärçilikli gatnaşyklaryny ýola goýmak, olarda haýwanat dünýäsine rehimdarlyk duýgusyny terbiýelemek, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biridir. Şunda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda toplan we biziň günlerimize ýetiren haýwanat dünýäsini aýawly ulanmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly däp-dessurlaryny öwretmek okuw-terbiýeçilik işlerinde aýratyn orun tutýar.
Bilşimiz ýaly, 9-njy synpda biologiýa dersiniň «Haýwanlar» bölümi boýunça «Haýwanlaryň tebigy toparlanmalary» diýen temanyň mazmunyna «Türkmen halkynyň haýwanat dünýäsini aýawly ulanmak we gorap saklamak babatyndaky däp-dessurlary» diýen bölümçe girizildi. Şu bölümçe boýunça mugallym interaktiw usullaryň dürli çemeleşmelerinden, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, sapakda okuwçylara tema degişli maglumatlary öwretse, olar üçin täsirli bolar. Mugallymyň sapakda, ilkinji nobatda, okuwçylara adamyň gadym eýýamlardan bäri tebigata, onuň haýwanat dünýäsine ýakyn durmaga, tebigat bilen sazlaşykly gatnaşyk etmäge ymtylyp gelendigini, ýaşaýan ýurdunyň haýwanat dünýäsini öwrenip, olary aýawly saklamaga çalşandyklaryny, ata-babalardan gelýän şeýle gowy däpleri biziň ýaşlarymyzyň hem dowam etmäge borçludygyny ýatlatmagy zerurdyr.
Şeýle-de sapakda ata-babalarymyzyň haýwanat dünýäsini gorap saklamak baradaky asylly däplerinden we paýhasly pähimlerinden mysal getirmek maksada laýykdyr. Türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde: atalar sözünde, nakyllarda, ertekilerde, monjugatdylarda, matallarda, ýaňyltmaçlarda, lälelerde, hüwdilerde, goşgularda haýwanlaryň wasp edilýändigini hem aýtmak bolar.
Mugallym okuwçylary toparlara bölüp, her topara bir haýwan barada klaster düzmegi we ony interaktiw tagtada görkezmegi tabşyrmagy netijelidir. Mysal üçin, 1-nji topar atlar, 2-nji topar düýeler we 3-nji topar türkmen alabaýy barada klaster düzýär. Mugallym «Paýhas çeşmesi» kitapda aýratyn hem, türkmeniň uçarganaty bolan, bedewlere degişli nakyllaryň we atalar sözleriniň köpdügini, kitapda berilýän bäş bölümiň bäşisinde hem olar baradaky maglumatlaryň öz beýanyny tapandygyny düşündirmeli we nakyllardan hem-de atalar sözünden mysallar getirmeli. Şonda mugallym okuwçylardan saýlap alan nakyllarynyň, atalar sözüniň manysyny düşündirmegi soramaly. Topardaky okuwçylaryň hemmesi öz pikirini aýdanyndan soň, mugallym olaryň galdyran ýerleriniň üstüni doldurmaly. Sapagyň gidişinde mugallym ir döwürlerden bäri ata-babalarymyzyň düýedarçylyk bilen meşgullanandyklaryny we olara «arassamal» diýip, uly sarpa goýandyklaryny ýatlatmaly. Bu bolsa ýüňi, süýdi, çaly hassa janlara derman bolan düýäniň ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda uly orun tutan mal hökmünde ony ýakyndan tanamaga we olar baradaky bilimlerini baýlaşdyrmaga okuwçylara kömek edýär.
Mugallymyň okuwçylara «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky berlen nakyllarda we atalar sözlerinde balyklar, ýylanlar, guşlar we beýleki haýwanlar baradaky maglumatlaryň olaryň taryhyny, milli mirasymyzy içgin öwrenmekde we haýwanlary gorap saklamagyň zerurdygyna düşünmekde ähmiýetiniň uludygyny aýtmagy möhümdir.
Beýleki Gündogar halklarynda bolşy ýaly, türkmenlerde hem haýwanlaryň atlary ýyllara dakylyp, aýlaryň we ýyllaryň hasabyny ýöretmekde hem ulanylypdyr. Müçe ýyllaryny haýwanlaryň atlary bilen atlandyran wagtlary ata-babalarymyz haýsy ýylyň ygally, haýsy ýylyň gurak, haýsy ýylyň gyşynyň aňzakly, haýsy ýylyň gyşynyň maýyl boljakdygyny tapawutlandyrmagy, öňünden bilmegi göz öňünde tutupdyrlar. Mugallym şu maglumatlary okuwçylara öwredeninde haýwanat dünýäsini aýawly saklamak bilen baglanyşykly däp-dessurlary «Paýhas çeşmesi» atly kitapda ýerleşdirilen nakyllardan we atalar sözlerinden işjeň peýdalansa özüniň oňat netijesini berer.
Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler
bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory.
Mugallymlar gazeti. 26.12.2022ý.