Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetini ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek asylly işleriň biridir. Halkymyzyň ylym-bilime bolan sarpasyny, sowatly, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri ýetişdirmek ýörelgesini aýratyn bellemek gerek. Şeýle asylly ýörelgeler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem duş gelýär. Biz muny nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularynda hem, halk döredijilik eserlerinde hem aýdyň görýäris.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýat nukdaýnazaryndan hem, dil bilimi esasynda hem öwrenilýär. Şonuň üçin hem şahyryň döredijiliginiň giň umman ýaly many-mazmuny ylmy esasda düşündirilýär. Magtymgulynyň döredijiligi ýaşlary terbiýelemekde, olara milli gymmatlyklary wagyz etmekde uly mekdepdir. Beýik söz ussady edebi mirasynda Watana söýgini, ynsanperwerligi, adamlara sylag-hormaty beýan edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň mertebesi has-da belende göterildi, onuň millilik, agzybirlik, dostluk-doganlyk ýaly pikir garaýyşlary okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý mirasyny, edebiýatyny, sungatyny öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen medeniýetine ägirt uly goşant goşan şahyrdyr ýazyjylarymyzyň, alymlarymyzyň mirasy öwrenilýär. Şol ägirtleriň hatarynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Akyldar şahyrymyz ähli döwürleriň nusga alarlyk derejesindäki ussat şahyrydyr. Onuň eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasyna giren, bahasyna ýetip bolmaýan ruhy baýlykdyr. Beýik akyldar şahyryň şygyrlary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Dürdäne setirlerde öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi durmuşda gymmatly edep-terbiýe ýoluny döredýär.
Şahyryň many-mazmuna baý, watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden doly şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, oňa ruhy lezzet berýär. Magtymguly Pyragynyň goşgularyny beýleki halklar hem öz dillerinde okap bilýärler, çünki bu ajaýyp şygyrlar onlarça dillere terjime edildi, kitap bolup çapdan çykdy. Şonuň üçin hem bu goşgular dünýä okyjylarynyň üns merkezinde diýip belläsimiz gelýär.
Hakdan halatly beýik akyldaryň şygyrlarynyň gymmaty olardan durmuşyň islendik soragyna jogap tapyp bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Beýik şahyr agzybirlik, edep-terbiýe, ahlak arassalygy, watansöýüjilik, halallyk, tebigata, dünýä akyl ýetirmäge degişli köptaraply, dürli öwüşginli goşgulary döredipdir. Magtymguly Pyragy hemmeleriň ruhy dünýäsiniň baý hem owadan bolmagyny arzuw edipdir. Adamlary hemişe gowy gylyk-häsiýetler, inçe duýgular, dana pähim-paýhaslar bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Onuň Watan hakyndaky goşgulary hem beýik mekdepdir:
Eşit adam, dogan ilden —
Gaýry mähriban ýurt bolmaz.
Şu setirlerde mähriban Watana bolan belent söýgi beýan edilýär.
Pähimdar pederlerimiz paýhasly sözlere belent sarpa goýupdyrlar. Akyldar şahyryň goşgulary hem paýhasly sözlere degişli bolup, ol şygyrlar halk içinde dilden aýdylypdyr, kitaplardan okalypdyr. Bagşylar bolsa şol ajaýyp paýhasly goşgulary aýdyma öwrüpdirler. Şonuň üçin şahyryň goşgulary arkaly ençeme nesiller milli ruhda terbiýelenipdir. Ata-babalarymyz halal ýaşamagyň, terbiýe bermegiň, bilim öwrenmegiň altyn hazynasy hasaplan beýik şahyrynyň goşgularyna mydama uly baha berip gelipdir. Söz ussady Magtymgulynyň mertligi, oňat gylyk-häsiýeti, il-gününe, Watanyna wepalylygy wasp edýän goşgy setirleri nesil terbiýesinde aýratyn orun alypdyr, halkyň dilinde nakyllara öwrülipdir. Magtymgulynyň döredijiliginde agzybirlik, ynsanperwerlik, mertebe, halallyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, ýagşylyk, mylakatlylyk ýaly ynsan häsiýetleri öwüt-ündew edilipdir. Magtymguly öz döredijiliginde mertleriň we namartlaryň, batyrlaryň we gorkaklaryň daşky sypatlaryny, olara mahsus bolan gylyk-häsiýetler bilen birlikde, içki duýgularyndaky aýratynlyklary hem çeper sözler bilen suratlandyrmagy ussatlyk bilen başarypdyr.
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary paýhas ummanydyr, ynsan kalbyny bezeýän ruhy gymmatlykdyr.
Maýa MÜLKAMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 26.12.2022ý.