Mekdebimizde okadýan synplarymyzda okuwçylarymyza terbiýeçilik sagatlarynda watançylyk barada düşünje berýäris. Özümiň okadýan 7-nji synpymda «Watany söýmek mukaddesdir» diýen temadan synp sagadyny guradym. Sapagyň başynda Watan hakynda aýdylan nakyllardyr atalar sözüni okuwçylara aýtdyrdym. Soňra synpyň okuwçylaryny gündelik syýasy wakalar bilen tanyş etmek üçin «Watan» habarlar gepleşiginde berilýän maglumatlar barada okuwçylara gürrüň berdirdim.
Sapakda okuwçylardan Watan hakyndaky düşünjelerini hem sorap bolýar. Gahryman Arkadagymyz perzendiň terbiýesiniň esasy mazmunynyň Watan mukaddesliginde jemlenilýändigi, türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlasyň we söýginiň bardygy hakynda belleýär. Okuwçylar watançylyk, Watana bolan söýgi barada Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden okan tymsallaryny gürrüň berýärler. Okuwçylaryň belli bir topary bolsa bu tymsallar esasynda taýýarlan gysgajyk sahnalaryny görkezýärler.
Soňra okuwçylary özbaşdak ýumuşlary bilen multimedia tagtasynda işledip bolýar. Olaryň belli bir topary Watan hakyndaky, onuň ajaýyp tebigaty bilen baglanyşykly özleriniň çeken suratlary barada gürrüň berýärler. Beýlekileri bolsa şahyrlaryň watançylyk hakynda ýazylan goşgularyny ýatdan aýdýarlar. Özbaşdak ýumuşlaryň içinde okuwçylar kompýuterlerde prezentasiýalary hem taýýarlaýarlar. Türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň watançylyk, gahrymançylyk hakynda döreden eserleri barada hem okanlary boýunça gürrüň berýärler.
Sapagyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň watançylyk baradaky ýazan goşgulary, halkyň arasynda dillerde sena bolan setirleri dogrusynda hem okuwçylar bilen sowal-jogap guramak bolýar. Has takygy, şahyryň:
Mestana ýörünçäň gaýry ýurdunda,
Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma—
ýaly setirleriniň manysy boýunça okuwçylaryň özbaşdak pikirlerini diňläp, olaryň düşünjelerini kämilleşdirip bolýar.
Okuwçylara tema bilen baglanyşykly özbaşdak ýumuşlary tabşyrmagyň täsiri uly bolýar. Okuwçylar ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin hemişe gözlegde bolýarlar we maglumatlary toplaýarlar. Munuň özi sapagyň işjeň geçmegine we okuwçynyň sapaga höwesli gatnaşmagyna ýardam edýär.
Oguljeren BERDIÝEWA,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta
mekdebiň mugallymy.
Mugallymlar gazeti. 26.12.2022ý.