Türkmen halky uly ruhubelentlik bilen täze, 2023-nji ýyly garşy aldy. Şeýle ajaýyp pursatlarda geçen 2022-nji ýylyň hem üstünliklere beslenendigini aýratyn bellemek gerek. Üstünlige beslenen 2022-nji ýyl türkmen halkynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalary bagyş etdi.
Mähriban halkymyzyň asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy ugrunda ýylyň bütin dowamynda il-ýurt bähbitli işlere giň gerim berildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady-medeni taýdan gülledip ösdürmek bilen baglanyşykly öňde duran belent wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli ulgamlarda, şol sanda, bilim ulgamynda hem alnyp barylýan maksatnamalaýyn özgertmelere nazar aýlanyňda buýsanjyň artýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde ylym-bilimiň ösen merkezine öwrülmegi uly ilimiziň buýsançly başyny göge ýetirdi. Bu jümläni aňymyza aýlanymyzda, mähriban ýurdumyzyň gözel künjeklerine bezeg berip oturan bilim edaralary göz öňüňe gelýär. Gurlup ulanylmaga berilýän bilim edaralary döwrebaplygy, milliligi, ösen tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen kalbyňda buýsanç duýgusyny pürepürleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynda alnyp barylýan beýik işler, her bir şowly ädimler göwün göterijidir.
Ýaş nesiller baradaky alada döwlet tarapyndan gurşalandyr. Olaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, kesbine ýürekden berlen nesiller bolup ýetişmekleri baradaky aladalar bimöçberdir. Taryha altyn harplar bilen ýazyljak möhüm wakalaryň biri-de Arkadag şäherinde bina edilýän bilim edaralarydyr. Bu ýerde her biri 720 orunlyk 4 sany umumybilim berýän mekdebiň, 10 sany çagalar bagynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň, Ahal welaýat mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle hem sungat ugruna degişli mekdepleriň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy asyrlara barabar işlerden aýdyň nyşandyr. Paýhasly pederlerimiz ylym-bilime, sungata aýratyn sarpa goýup gelipdirler. Olaryň bu ugurdaky nusgalyk mekdebi, öwüt-ündewleri häzirki günlerde, biziň bagtyýarlyk döwrümizde has-da aýdyň şöhlelenýär. Bu ýerde bilim, sungat ojaklaryna halkymyzyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylyp, ebedileşdirilmegi bolsa ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgusyny belende göterýär.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ähli ynsanlary buýsandyrýar, ýaşlary geljekki üstünliklere ruhlandyrýar. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmaklary esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem bilim işgärleri ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde öz goşantlaryny goşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwrebap işler bilim işgärlerini geljekde hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde döwletimiziň medeni-syýasy durmuşynda ýaşlaryň ornuny artdyrmak, olaryň ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi barada kesgitlenilmegi ýaşlar baradaky aladalaryň iş ýüzünde durmuşa geçýändiginden habar berýär. Bu bolsa zehinli ýaşlaryň ylymly-bilimli, terbiýeli hünärmenler bolup ýetişmegine hemaýat berýär.
Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
01.01.2023ý.