BILIM ULGAMYNYŇ ÖZGERTMELERI

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine, zähmet çekmegine giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmy hemme taraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli peýdalanmak, jemgyýetçilik aň-düşünjäni, dünýägaraýşy ýokarlandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň talaplaryny we ýollaryny kesgitleýän strategik häsiýetli resminama bolmak bilen, onuň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşlerine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmekden, uzak aralykdan bilim almakdan hem-de bilim bermekden ybaratdyr.

Biziň ýurdumyzda sanlylaşdyrma durmuşyň we önümçiligiň ähli ýerinde ornaşdyrylýar. Sanlylaşdyrma, bilşimiz ýaly, ykdysady we durmuş-medeni şertleri özgerdip, ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge ýardam berýär. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň giň mümkinçiliklerini durmuşda görýäris hem-de ýakyndan tanyş bolýarys. Elektron kitaphanalar, olardaky okuw kitaplary, gollanmalar we wideosapaklar okuw işini ýeňilleşdirmäge hemaýat berýär. Bu bolsa bilim alýan ýaşlaryň kitaphanalara barmak, kitaplary we olardaky maglumatlary gözläp tapmak, ýörite derslere gatnaşmak üçin sarp edýän wagtlaryny tygşytlamaga kömek edýär. Sanly ulgamda bilim alýanlaryň öz taýýarlyk derejesine görä okuw maksatnamasyny we öwreniş derejesini kämilleşdirmäge-de giň mümkinçilikler bar.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerini okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri-de maksadalaýyk alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, sanly bilim ulgamynyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bilim edaralarynyň tehniki programmalarynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak, maglumat üpjünçiligini bir ölçege getirmek we olary özara utgaşdyrmak işleri möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bägül UWAROWA,

Türkmen döwlet medeniýet we

sungat mekdebiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 04.01.2023ý.

Meňzeş habarlar