S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň «Oba hojalygynyň mehanizasiýasy» hünäri ugrundan bilim alýan talyplary ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» kompanýasynyň zawodlarynda önümçilik tejribelerini geçdiler.
Talyplar üçin önümçilik tejribeleri «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň häzirki zaman nusgalary bilen tanyşmak, şeýle hem okuwda alnan nazary bilimleri önümçilikde berkitmek maksady bilen guraldy.
Mangeým şäherinde talyplar üçin «John Deere» kompanýasynyň traktorlary öndürýän ýerli zawodynyň esasy hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Ýaşlara kompanýanyň döreýişiniň taryhy we ösüş tapgyrlary, onuň gazanan üstünlikleri häzirki döwürde alyp barýan işleri hem-de geljekki meýilnamasy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem bu ýerde talyplar ownuk şaýlaryň taýýarlanylyşyndan başlap, taýýar traktorlaryň ýygnalyşyna çenli önümçilik iş tapgyrlary bilen tanyşdyryldy, bu bolsa olarda uly gyzyklanma döretdi.
Talyplar ýokary derejede awtomatlaşdyrylan önümçilik bölümlerinde işleriň esasy böleginiň robotlaryň we ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ulanylmagy arkaly ýerine ýetirilýändigini synladylar. Şunda öndürilýän traktorlaryň hiliniň ýokary gözegçiligi üpjün edilýär hem-de önümçiligiň ähli tapgyrlarynda tehniki howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilýär. Kompanýanyň hünärmenleriň belleýişleri ýaly, bu kärhananyň binýadynda «John Deere» traktorlarynyň hemme orta derejeli görnüşleri üçin ylmy-barlaglar konstruktorçylyk işleri alnyp barylýar.
Bruhzal şäherinde talyplar «John Deere»-iň dürli tehnikalary üçin ony dolandyryjylaryň oturýan bölegini öndürmäge we ýygnamaga ýöriteleşdirilen zawoda, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň merkezi ammaryna baryp gördüler.
Soňra geljekki oba hojalykçylar kompanýanyň tehnologiýalar we innowasiýalary boýunça ýewropa merkezi ýerleşen Kaýzerslautern şäherine baryp gördüler. Merkez öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gözbaşy bolup durýar. Bu ýerde oba hojalyk işlerini meýilleşdirmek üçin «Work Planner» maksatnamasynyň aýratynlyklaryna bagyşlanylan okuw geçirildi.
Soňra türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriň, «John Deere» kompanýasynyň hem-de bilelikdäki «IPC (International Progress Consult) Agri» kärhnasynyň hünärmenleriň gatnaşmagynda talyplara oba hojalyk tehnikasyny we enjamlaryny dolandyrmagyň sanly elektron ulgamlaryny okatmagyň usulyýeti boýunça özara pikir alyşmalar boldy.
Mýunhwaýler-an-der-Alzensde ýerleşen maldarçylyk boýunça okuw-amaly merkezine barlyp görülmegi düşünje artdyryş häsiýetli boldy. Bu ýerde talyplar iri şahly mallaryň golştin tohumuny köpeltmek işi hem-de mallaryň kesellerine garşy göreş çäreleri bilen tanyşdylar.
Horst şäherinde (Niderlandlar) özi ýöreýän we tirkegli pürküjileri öndürýän zawodda bolmaklarynyň dowamynda onuň hünärmenleri talyplara enjamlaryň häzirki zaman nusgalary hem-de unuň innowasion mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Dökünleri we ösümlikleri goraýjy serişdeleri takyk paýlamaga mümkinçilik berýän «ExactApply» ulgamyna, şeýle hem haşal otlary ýüze çykarýan we gerekli ýerlere takyk pürkülmegini üpjün edýän «See and Spray» ulgamyna aýratyn üns berildi. Talyplar pürküjileriň ýygnalyş, reňkleniş we tehnikanyň ahyrky synagdan geçiriliş işlerini synladylar, şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hünärmenlere ýüz tutdular.
Saparyň çäklerinde Germanýanyň we Niderlandlaryň gözel, tebigy taýdan owadan we taryhy ýerlerine gezelençler guraldy. Talyplar Zinshaýmdaky Tehnikalar muzeýine hem-de «Mercedes-Benz» muzeýine baryp gördüler.
Önümçilik tejribeligine gatnaşmagyň netijesinde türkmen oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriň talyplary deňsiz-taýsyz iş tejribesine eýe boldular, bilimlerini giňeltdiler we hünär başarnyklaryny baýlaşdyrdylar.
Ýaş türkmen hünärmenleri üçin şeýle daşary ýurt hünär ýokarlandyryş çärelerine yzygiderli esasda amal edilýär. Bu bolsa ýurt üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň zehinlerini we ukyplaryny ulanmaga giň mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek boýunça döwletiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.
turkmenistan.gov.tm