Türkmenistan döwletimizde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, häzirkizaman tehnologiýalaryny dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen obadyr-şäherlerde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güninde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Bu uniwersitetde okuwlar bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralýar. Okuwlaryň türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylmagy bilim ulgamynyň hilini halkara derejä çykarmaga ýardam edýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleri ornaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup durýar.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň milli bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini öwrenmeklerine, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň hünärmenleri bilen bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň çäginde tejribe alyşmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär.
Merjen MUHAMMETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.