TÜRKMEN WEKILIÝETI ASTANA ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY

Türkmen wekiliýeti 24-26-njy sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Bilim almakdan zähmet çekmäge netijeli geçmek üçin hyzmatdaşlaryň dialogy» atly Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we başarnyklarynyň ösüşi boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy.

Halkara forum Merkezi Aziýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Günbatar Balkan ýurtlarynyň bilermenlerini we tejribeli işgärlerini, halkara hünärmenlerini, döwlet düzümleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri girdiler.

Maslahatyň çäklerinde ýaşlaryň işe ýerleşmekleri, zähmet bazarynda işjeň çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de ýaş hünärmenleri goldamak üçin innowasion çözgütleriň ornaşdyrylyşy baradaky wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary hünär bilimini ösdürmegiň, halypaçylyk maksatnamalaryny giňeltmegiň, şol wagtyň özünde zähmet bazarynyň seljerilmegi bilen bilim işini meýilleşdirmegiň özara baglanyşygynyň, bilimiň ikitaraplaýyn görnüşini giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem Diýarymyzyň döwlet düzümleriniň wekilleri önümçilikde tejribe berilýän bilim nusgalarynyň paýyny artdyrmagyň, mugallymlaryň «ýaşyl» we sanly ulgamlarda hünär ygtyýarlyklaryny kämilleşdirmegiň hem-de ýaşlaryň zähmet bazaryna goşulmagynyň zerurdygyny bellediler.

Türkmen hünärmenleriniň foruma gatnaşmagy sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we adam mümkinçiligini ösdürmek baradaky meseleler boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam etdi.

turkmenistan.gov.tm