DIL ÖWRENMEK WE TEBIGY UKYP

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň jemgyýetçilik orny has ýokar landy. Munuň özi daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýetiniň ýokarlanmagynda hem möhüm mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň usulyýeti baýlaşdy. Bilim bermek işinde täze tehnologiýalaryň ulanylmagy okatmagyň usulyýetine öz täsirini ýetirdi. Şonuň üçinem, iňlis dilini okatmagyň adaty usullaryny ulanmagyň-da görnüşi özgerdi. Düýpli usul — bu usul dile hakyky hem-de doly derejeli gepleşik serişdesi hökmünde düşünilmegine esaslanýar. Şoňa görä, bu usul ulanylanda, diliň ähli düzüm bölekleri, ýagny gepleşik hem ýazuw dili, bilim alýanlaryň diliň ähli ugurlaryndan deň derejede we doly ýagdaýda sazlaşykly öwrenmegi guralýar. Bu toplumlaýyn çemeleşme mahalynda mugallym öwredýän dili ene dili bolmasa-da, iki dil ulgamyny derňemek, maglumaty ýokary derejede aýdyp ýetirmek, grammatiki kadalary düşündirmek, ýalňyşdyrýan ýerlerini öňünden duýdurmak mümkinçiligine eýedir. Aragatnaşyk usulynda gepleşmäge we pikir alyşmaga artykmaçlyk berilýär. Belli bolşy ýaly, bu diňe sözleriň uly bir toplumyny öwrenmegi aňlatmaýar, sebäbi köp sözi ýatdan bilmek dil öwrenmekde ýeterlik bilimliligi aňlatmaýar. Gepleşmek üçin diňe sözleri bilmek däl-de, olary ýerbe ýer goýmak has möhümdir. Şonuň üçin grammatik we sintaktik, semantik kadalary hem öwrenmek gerek.

Işjeň usul häzirki wagtda köp ulanylýar. Onda adaty ulanylýan dil leksik birlikleri we kadalary öwrenilmek bilen, bilimiň köp özleşdirilmegine çalşylýar. Elbetde, bu usul arkaly az wagtda pikir alyşmak we düşünişmek üçin mümkinçilik alyp bolsa-da, diliň dürli çeperçilik serişdeleri çylşyrymly görünýär. Onda anyk ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, diňe gerekli sözler öwrenilýär.

Dil öwrenmegiň giňden ýaýran usullarynyň ýene biri joşgunly many arkaly aňlatmak usulyýeti ýa-da many-emosional usuldyr. Onda bilim alýanlaryň gyzyklanmalaryna görä toparlar döredilýär.

Şu agzalan usullaryň ulanylmagynda audio we wizual tehnologiýalaryň utgaşdyrylyp öwrenilmegi usullaryň netijeliligini artdyrýar. Adamyň eşidiş ukyby dil öwrenmek endiginiň tiz özleşmegine esas bolýar. Sazşynaslaryň, belli aýdymçylaryň dil öwrenmekde ýokary netije gazanyp bilýändikleri hem olaryň tebigy ukyby bilen baglanyşyklydyr. Adaty däp bolan usullary döwrebap tehnologiýalar arkaly bilim işine ornaşdyrmak bilen birlikde, bilim alýanyň tebigy ukybynyň hem göz öňünde tutulmagy gerek. Häzirki döwürde daşary ýurt dilinde sesli we şekilli görnüşlere tomaşa etmek arkaly hem dil öwrenmek mümkinçiligi bir usul hökmünde ýaýrandyr. Şunuň özi eşitmek arkaly ses düzümini özleşdirmegiň möhümligine esaslanýar. Sözüň fonetik düzümi dogry özleşdirilende, morfologik kadalar, diliň sintaktik gurluşy dogry hem-de düşnükli bolýar. Çagalaryň, şol sanda uly ýaşlylaryň hem sesi ýat tutmak ukyby, sazandalara we bagşylara tebigy taýdan berlen ukyp adaty adamlara mahsus. Şoňa görä, bellenilen usullaryň arasynda düýpli usula esaslanyp netije gazanyp bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek raýatlaryň arasynda hem gündelik kada hökmünde kabul edildi. Şeýle ýagdaýda hususy-tebigy aýratynlygyň öwrenilmegi mugallym üçin hökmandyr. Munuň özi usullary özleşdirmekde hususy çemeleşmäniň mümkinçiligini artdyrar, şeýle-de bilim alýanyň bu işe ynamly ýapyşmagyna ýardam eder.

 

Maýa ATAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň uly mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 04.01.2023ý.

Meňzeş habarlar