Türkmen edebiýatyny dünýä tanadan Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan danadyr. Ol milletimiziň parasat ummany, akyl derýasy. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuw-hyýallary şahyryň döredijiligine, pähim-paýhasyna uly täsir edipdir, olarda öz beýanyny tapypdyr.
Şahyryň ömrüň manysy, ýokary ahlak sypatlary, mertlik hakdaky şygyrlary bolsa halkymyzyň dünýägaraýşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Halk bilen bir jan-bir tenlik şahyryň beýikliginiň baş alamatydyr. Halkyň güni näçe kyn hem bolsa, ondan aýrylyp, durmuşyň asuda ýerine gitmek ýa öz halkyňy nämedir bir zatlarda aýyplamak, peseltmek beýiklik bilen bir ýere sygyşmaýar. Muny Magtymguly ,,Namart aýyp gözlär dogan ilinden” diýip, ýeke setirde kesgitläpdir.
Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä aýal-gyzlara hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk häsiýetlerden gaça durmak, ýaramaz pişeleriň adam saglygyna, durmuşyna edýän täsiri barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirlendir. Beýik şahyrymyz türkmen edebiýatynyň taryhynda halk durmuşyny oňat suratlandyrýar, edebiýaty halkyň hyzmatynda goýýar.
Şahyryň eserleriniň dünýäniň köp dillerine terjime edilip, dünýä edebiýatynyň muşdaklarynyň köňüllerini awlamaga çykmagynyň hem uly ähmiýeti bar. Dünýäniň köp ýurtlaryndaky okyjylar onuň eserleriniň üsti bilen halkymyzy hem, edebiýatymyzy, medeniýetimizi hem tanaýarlar. Magtymgulynyň şygyrlarynyň täze terjimeleri häzirki günlerde ýurdumyzda edebi mirasymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda edilýän aladanyň hem aýdyň mysalydyr. Şeýlelik bilen, dünýä edebiýaty şahyrymyzyň eserleriniň täze terjimeleriniň hasabyna baýaýar we dünýä halkymyzy has ýakyndan tanaýar.
Türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagylar Magtymgulynyň eserlerini toplamakda we çap etmekde birnäçe işleri geçirdiler. 1926, 1940, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy. 1947-nji ýylda suratkeş A.Hajyýew Magtymgulynyň suratyny döretdi. Şahyryň ady Türkmen döwlet uniwersitetine we paýtagtymyzdaky iň uly köçä hormatlanyp dakyldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň goşgularyny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 13-14-nji oktýabrynda “ÝUNESKO–nyň Dünýä ýatlamalary” atly maksatnamasy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO) bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretary, şeýle-de, birnäçe ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda onlaýn maslahaty geçirildi. Onda esasan, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitabyny we kinosyny ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak barada teklipler öňe sürüldi. Ýurdumyzda şunuň ýaly beýik şahyryň mertebesini dünýä ýüzünde dabaralandyrmak maksady bilen onuň goşgularyny düýpli öwrenmek, ylmy taýdan seljermek we dürli dillerde çap etmek ýaly işler hem yzygiderli alnyp barylýar. Dünýä döwletlerinde şahyryň döredijilik älemine we 300 ýyllygyna bagyşlanylyp yzygiderli ylmy-amaly maslahatlar, çäreler guralýar. Munuň özi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň hem genisi hasaplanýan Magtymguly atamyzyň döredijiligine umumadamzat jemgyýeti tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, bagtyýar döwrümiziň her bir güni beýik şahyryň şygyrlary ýaly owadan hem manyly bolsun!
Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.