(publisistik makala)
Türkmen halkynyň şu güne çenli geçen ýoluny, aşan menzillerini bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ahalteke bedewi biziň aslymyzda, aňymyzda, badymyzda ýaşaýar. Şonuň üçin biz oňa tüýs ýürekden guwanmak bilen «AHALTEKE BEDEWIMIZ-MILLI BUÝSANJYMYZ» diýýäris.
Gahryman Arkadagymyz hem «Ahalteke bedewleri―buýsanjymyz we şöhratymyz» diýýär.
Arkadagly Serdarymyz bolsa, bu hakykaty şu jümlesine siňdiripdir: «Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr».
Diýmek, döwletlilik ýoly atly geçilýär. Dowamat-dowamlylyk, ýoly rowanlyk hem belki-de, şu sazlaşykly gymmatlyklardadyr.
Geçmişden-geljege, menzilden-menzile...
Bir zat, beýleki zat bilen juda sazlaşykly biri-biri bilen berk baglanyşykly görülende, ony türkmenler «bagry badaşanlyk» hasaplaýar. Edil şonuň ýaly at bilen halkyň arasyndaky ýakynlyk hem hut şu häsiýete mahsusdyr. Halkymyzyň beýik taryhynda atsyz geçilen ýolam, ýylam ýokdur. Hatda nesilbaşymyz Oguz han diýlende hem, atyny seredip duran goja türkmeniň keşbi göz öňüne gelýär. Munuň özi Ahalteke bedewleriniň taryhynyň bäş müň ýyllykdan hem has aňyrrakdan gözbaş alandygyna kepildir.
Türkmeniň süňňüne ornan häsiýetleriniň ählisinde hem bedew bilen baglylyk aýdyň duýulýar. Çünki at bilen myradyna ýeten, atyny gardaşy saýan, gapysynda at kişňedip döwlet guran millet türkmenlerdir. Ýer ýüzünde şeýle gymmatlygy döredip, ösdürip, ony sungat derejesine ýetirip bilen millet bolsa ebedidir hem bakydyr. Ebedi milletiň bakylygy bolsa bedewlerimiz bilen baglydyr. Şonuň üçin hem halkymyz ony ömürlik hemrasy hasaplap döwürlerden döwürlere, eýýamlardan eýýamlara getirdi. Bakylygyň atlylary geçmişden geljege, ýodadan ýola at salýar.
At bilen asyrlary, döwürleri döwranlary aşyp geçilen üznüksiz bu ýol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşyna getirdi. Bu döwür hem ony has röwşen ertelere alyp barýar.
Arkadagly zamanamyzyň zynaty.
Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Türkmen bedewleriniň ykbalyny täze derejä göteren Beýik şahsyýet Gahryman Arkadagymyzdyr. Türkmeniň bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň artmagy, täze taryhy eýýamda hem onuň mertebesiniň barha belende göterilmegi, milli Liderimiziň bu ugurdaky işleriniň netijeli häsiýete eýediginiň buýsançly güwäsidir.
Ahalteke bedewleriniň tohumyny aýawly saklamak we olaryň şan-şöhratyny has-da artdyrmak, ajaýyp döredijilik eserleri arkaly halkara jemgyýetçiliginde wagyz etmek işinde Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlary çäksizdir. Milli Liderimiz özüniň boş wagtyny olara bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky eserleri bedewleriň türkmenleriň durmuşyndaky ornuna düşünmäge, milli atçylyk ulgamyndaky toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ajaýyp eserleriň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegi netijesinde dürli ýurtlaryň okyjylary tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak şu mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.
Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň ady rowaýata öwrülen seýisleriniň usullaryny, ata ideg etmegiň aýratynlyklaryny kemsiz ele alyp, şol gadymy ýörelgeleri özüniň toplan tejribesi bilen utgaşdyrýan we at seýislemegiň täsin usulyny peýdalanýan eziz Arkadagymyz bu ugurda nusgalyk mekdebi kemala getirdi.
Buýsanyp bellemeli zatlarymyzyň ýene biri, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Arkadag seýisiň seýislän bedewi bolan Akhanyň gazanan üstünligidir. Bu türkmen bedewiniň abraýyny bir gez belende galdyrdy, onuň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.
Häzirki döwürde Türkmenistan tohum atçylygynyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň, sirk sungaty boýunça çykyşlaryň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegi hökmünde çykyş edýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar.
Munuň özi türkmen toý baýramlarynyň we şanly günlere beslenýän bagtyýar durmuşynyň giňişliginde türkmen ahalteke atlarynyň uly orna eýediginden aýdyň alamatdyr.
Onuň gözelligini, aýlawlary baglan ýüwrükligini göreniňde göwnüň galkyp, ýatdan çykmajak täsirler seriňi gurşaýar. Bu hadysa tötänleýin däldir. Çünki onda halkymyzyň iň gowy däpleri, ýagşy endikleri, ata yhlas etmekdäki zähmetleri we sungata öwrülen sünnä başarnyklary bar.
Asman atlaryna deňelýän, toýnagy tylla nally, boýy zer-esbaply bedewlerimiz zerden zyýada zamanamyzyň şuglasy bilen utgaşyp köňüllere hem kalplara mähir nuruny çaýýar.
At sarpasyn sogap edip,
Ata ýolun rowan edip,
Atly ýoly dowam edip,
Arkadagly Serdar geldi!
Iň esasysy bolsa, milli Liderimiz bedewlere bolan söýgüsi bilen birlikde öz bilimini, başarnygyny hem-de parasatlylygyny ogluna we agtygyna geçirip, şöhratly halypaçylyk hem-de dowamatlylyk däplerini dowam etdirýär. Şunuň netijesinde köpöwüşginli türkmen medeniýetiniň gymmatlyklary aýawly saklanylýar. Ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sungatyny oňat bilýän ussatlaryň dowamaty bolan Arkadagly Serdarymyz ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da belende göterýär.
Şeýlelikde, atadan ogla hem-de agtyga, uly nesillerden kiçilere gadymdan gelýän ajaýyp däpler geçirilýär. Diňe şeýle ýol bilen gadymy däp-dessurlar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şoňa görä-de, döwürleriň arabaglanyşygyny alamatlandyrýan türkmen atçylygy döwrebap röwüşde rowaçlanýar. Atçylyk bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Bu türkmen ýaşlary üçin milli mertebelilikden nyşan.
Hawa, meşhur atlaryň gadymdan gelýän şöhraty döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen gaýtadan dikeldilýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşyklary alnyp barylýar. Munuň özi bu ugurdaky toplumlaýyn işleriň üstüni ýetirip milli atçylyk ulgamynyň düzümlerini giňelder we ylmy esaslaryny has-da pugtalandyrar.
Şeýle hem häzirki wagtda Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň milli usulyýetini ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşmak ugrunda köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle maksatlaryň öňde goýulmagy bolsa milli buýsanjymyz bolan Ahalteke bedewlerimiziň derejesini ýokary götermekde ajaýyp ädimdir.
Arkadagly Serdarymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda Ginnesiň rekordlar kitabyna ady ýazylan Akhan atly türkmen bedewiniň heýkeliniň guruljakdygy hakyndaky hoş habar bolsa ýokarda agzanlarymyzyň üstüni ýetirip, milli mertebeliligimize mizemezlik ruhuny çaýýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şabaz bedewlerimize goýulýan egsilmez sarpany öz hormaty, ajaýyp tagallalary bilen ebedileşdirýän Arkadagly Serdarymyza işigi atly, töri döwletli türkmeniň alkyşlary egsilmezdir.
***
Türkmen ruhunyň häzirki eýýamynyň oňany hasaplanylýan bedewlerimize röwşen ykbal bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň ak atda başlan ak ýoly dowamly bolsun!
Myradyny atynda görýän atly gerçeklere müdimi şan-şöhrat bolsun!
Bedew batly ýurdumyzda hemişe dal bedewleriň üsti serpaýly bolsun!
Täze doglan taýjagazlaryň «buşluk» habarlary eşidilip dursun!
Saýat AKMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki
we ulag-kommunikasiýalary
institutynyň talyby.