Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
Türkmen halkynyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, tutanýerli hem-de yzygiderli alnyp barlan maksada okgunly tohumçylyk-seçgi işiniň netijesinde döredilen ahalteke atlary ata-babalarymyzyň ruhy siňen keramatly topragynda kemal tapdy, kämilleşdi, müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, sungat eseri derejesine ýetirildi.
Ýer planetasynda her bir halk özüniň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen tanalýar. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Bedewler barada gürrüň gidende şahyryň ajaýyp setirleri hakydaňa dolýar:
Adamzat kosmosa uçmanka heniz,
Türkmen aty bilen asmana çykdy.
Kowsa ýeter, gaçsa, ýetdirmez hergiz,
Türkmen aty bilen asmana çykdy.
Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimize bagyşlap ýazan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ylmy atçylygyň taryhy bilen bagly gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen atlarynyň waspy halk döredijiliginde, «Görogly» eposynda, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Annagylyç Mätäji we Magrupy ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde öz beýanyny tapdy.
«Gorkut ata» kitabynda Gorkut ata özüniň atçylyga degişli parasatly sözlerinde «Ata namart ýigit münüp bilmez, münenden münmedigi ýeg» diýýär. Bedew atyň çeper keşbi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna goşulan «Görogly» eposynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Gyrat Göroglynyň soňky demine çenli wepaly ýoldaşy, ömürlik hemrasy bolýar. Ol ynsana wepalylygyň baş nusgasyny görkezýär. Dessanda Göroglynyň Gyratynyň kämil derejede seýislenip terbiýelenendigi, onuň agyr hala düşen söwer dostuny özüniň ugurtapyjylygy, düşbüligi bilen halas edendigi, ruhlandyrandygy täsirli beýan edilýär. Gyrat Görogly şatlananda, dostunyň begenjini paýlaşyp, çarpaýa galýar. Halkyň söýgüli gerçegi agyr ýaralananda bolsa gussa batyp, gözlerinden ýaş dökýär. Araz çaýyndan bökýär, belent-belent dag gerişlerinden uçup geçip, ynsan köňlüni heýjana getirýär. Gyratyň özüni ynsan ýaly akylly-başly alyp barşy, batyrgaý, çalasyn, gaýduwsyz, maksada okgunly hereketleri, wepalylyk, mähribanlyk, dostanalyk ýaly ynsanpisint häsiýetleri – Oguz nesliniň seýisçilik sungatynyň şirin miweleridir. Çünki, Türkmenistanyň çägi aty ilkinji eldekileşdirilen mekanlaryň biridir. Türkmen atşynaslyk-seýisçilik sungaty b. e. öňki III-II müňýyllyklardan gözbaş alýandyr. Onuň şeýledigini Marguş ýurdundan tapylan tapyndylar subut edýär. Marguş ýurduny has içgin öwrenen arheolog W. I. Sarianidi «Marguş» atly kitabynda türkmen atlary hakynda aýratyn durup geçipdir.
«Görogly» dessany hakyndaky söhbetimize dolansak, eserde Gyratyň waspy şeýle ýetirilýär:
Atam saňa arzym aýtsam,
Araz çaýdan geçdi Gyrat,
Bir hümmet ýetdi möwlamdan,
Ganat baglap uçdy Gyrat.
Dessanyň «Harmandäli» şahasynda Görogly begiň Agaýunusyň «Aman-esen geldiňmi? Näme iş bitirip geldiň?» diýen sowalyna goşgynyň üsti bilen berýän jogabynda Gyrat ýatlanylýar:
Mundan bardym Rumystana,
Belent dagdan aşyp geldim.
Gyraty sürüp mestana,
Ganat baglap uçup geldim.
Watan goragyny öz ýaşaýyş-durmuş maksady hökmünde saýlan Görogly öz wepadar bedewine: «Perzent dilemedim, seni diledim» diýýär. Atyny has mukaddes görýändigi üçin oňa «Malym Gyrat, janym Gyrat, başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde ýoldaşym» diýip ýüzlenipdir. Ol Gyratyň janyny özüniňkiden ileri tutupdyr. Dessanyň «Arapreýhan» şahasynda Gyraty ýaýdan atjak bolýan Araba ýüzlenip:
Saňa diýerem, Arapreýhan,
Atymy atma meni öldür
- diýip ýalbarýar.
Dessanyň jemleýji bölüminde soňky demine çenli ganym bilen garpyşyp heläk bolan Gyraty Çandybiliň halky Göroglynyň gapdalynda edil adam ýerlenişi ýaly depin edýär. Ýeri gelende bellesek, jan beren bedewiň kellesine kepen orap jaýlamak däbi türkmenlerde ýaňy-ýakynlarda hem bolupdyr.
Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň lirikasynda wepadarlyk, gaýduwsyzlyk, watançylyk barada gürrüň edilende, ata uly orun berilýändigi bellärliklidir. Magtymguly Pyragy: «At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek» diýip, öz goşgy setirlerinde ýigidiň abraý gazansa-da, bedew atsyz hiç kim boljakdygyny belläp geçýär.
Atyň owadanlygy, uz ýöreýşi, edim-gylymy gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetler bilen deňelýär. Muňa mysal edip, Annagylyç Mätäjiniň «Bedew» şygryndan:
Pelläge barsaň, meger, gyzdan gylykly duruşyň,
Ýörhä-ýör bolsa ýene, towşan kimindir turuşyň– diýen setirlerini görkezmek bolar.
Nusgawy şahyrymyz Mollanepes hem «Bedew» şygrynda aty adamyň gylyk-häsiýeti bilen deňeşdirip şeýle diýýär:
Häsiýetiňni aýtsam, söýetiň söýgüli sen,
Akly adam, jynsy haýwan, keseri-dana bedew.
Biziň laçyn bilen ýaryşanda ozmagy başarýan ganatly bedewlerimiziň öwgüsini serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi «Bedew» atly goşgusynda ýetiripdir. Seýdi şygrynda bedew üçin ýüz müň düýe, goýun berseňem onuň bahasynyň arzandygy, hassa bolan ynsana bedew üstüniň dermandygy barada beýan edipdir. Sözümiz gurak bolmaz ýaly, il içinde meşhur bolan bu goşgynyň bir bendine gulak goýalyň!
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan, behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby sekiz bölümden ybarat bolup, onuň her bölüminiň sözbaşysy-da, kitabyň öňe sürýän çuňňur pikirlerini açyp görkezýän manyly jümlelere beslenendir. «Ýoluň-rowaç, iliň-rowaç!», «Bedew atyň ýüwrük bolsun!», «Owwal bedew aty gerek», «Asmandan inen ykbal», «At-türkmen üçin ähli zat», «Ýanardagyň ýedi arkasy», «Tejribe hem-de kämillik», «Toý gününde bedew atlar çapylar» atly bölümlerde türkmen halkynyň ykbalynyň, taryhynyň, kalbynyň bedew at bilen bitewiligi örän inçelik bilen yzarlanýar. Kitaby okap çykanyňda, bu kitapdaky her bir sözüň, her bir pikiriň mähriban Arkadagymyzyň ýüreginden çykandygyny duýýarsyň, Gahryman Arkadagymyzyň bedewe bolan çuňňur söýgüsiniň öz halkyna bolan ogulluk borjy bilen mäkäm baglanyşygyna göz ýetirýärsiň. «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitapda şeýle diýýär: «Adam ogluna baglar, daglar, derýalar, ýerasty baýlyklar we basga-da sansyz köp baýlyklar serpaý berlen. Nirede tebigat bilen sazlaşyklylykda ýaşalyp, şol baýlyklaryň durnuklylygyna täsir edilýän bolsa, ol ýerde adamlar rysgal eýesi, bereket bulagyndan paýly bolýarlar. Biz ruhy, maddy we medeni baýlyklarymyz barada hem şol ýörelgä pugta eýermelidiris. Bu biziň ata-babalarymyzyň pendidir. Hut şonuň üçinem atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi türkmen Diýaryndadyr». («Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitap, 11-nji sahypa.)
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýylda tejribeli çapyksuwarlar bilen birlikde, ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda hem at çapyşyklarynyň yzygiderli guralmagy, ýurdumyzda bedew ata goýulýan hormat- sarpanyň ýokarydygyna güwä geçýär.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
V ýyl talyby.