Türkmeniň halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, ilkinji halylar 2500 ýyl mundan öň dokalyp başlanypdyr. Asyrlaryň aşmagy bilen sungat derejesine ýeten halylara salynýan göller hem biri-birinden tapawutlanýar. Olaryň atlandyrylyşlary-da, dürliçe. Gölleriň “teke göl”, “gabsa göl”, “dyrnak göl”, “saryk göl” ýaly atlandyrylýan görnüşleri bar. Türkmen halysynyň milli muzeýi bolsa, asyrlaryň ýaňyny özüne siňdiren täsin haly sungatymyzy ylmy taýdan öwrenmekde dünýä ýüzünde seýrek duş gelýän mirashanalaryň biridir. Bu ýerde dürli ýyllarda dokalan haly önümleri saklanýar. Olaryň arasynda äpet halylaryň birnäçe görnüşleri bar. Muzeýde 1941-nji ýylda dokalan “Türkmen kalby”, 2001-nji ýylda dokalan “Galkynyş”, 2009-njy ýylda dokalan “Altyn asyr” we olardan başga-da “Prezident”, “Altyn ýyldyz” ýaly äpet halylar tapmak bolýar. Ol ýerde üstünden asyrlaryň aşmagy bilen durkuny ýitirmeýän ýüň halylar owadan reňk sazlaşygy, öwüşgüni, gözgamaşdyryjy gözelligi döredýänligi, syklygy, gölleriň nepisligi bilen özüne imrindirýär. Ahal welaýatynyň “Gökdepe” milli muzeýindäki ýeke-täk nusgaly “Eňsi” we “Aýna gölli” halyçalar bolsa, türkmeniň halyçylyk sungatynda seýrek duş gelýän kiçi halylar hasaplanylýar.
Türkmen halylarynyň naýbaşy nusgalarynyň ençemesi daşary ýurtlaryň belli muzeýlerinde-de, saklanýar. Sankt-Peterburgdaky “Ermitaž” muzeýinde Pazyryk halysy hem-de ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän “Metropoliten” sungat muzeýinde türkmen halylaryny görmek bolýar. Türkmeniň gözel halylary daşary ýurtlaryň nakgaşlarynyň döreden nepis eserlerinde hem suratlandyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda, Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygynyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplary halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren halyçylyk sungatyny içgin öwrenmekde maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda türkmen halylaryna ýokary derejede ünsüň berilmegi bu gadymy senediň şan-şöhratynyň täzeden dikeldilýändiginiň, dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.