«AHALTEKE BEDEWIMIZ―MILLI BUÝSANJYMYZ»

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW:

―Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr.

 

Ýyllara ýalkym, senelere sere bolup gelen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz taryhyň ähli döwürlerinde-de halkymyzyň syrdaşy, göz guwanjy bolup gelen meşhur ahalteke bedewlerimiziň bütin dünýädäki abraýyny ýene bir gez belende göterdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň dowamy hökmünde bu mertebelilik kalplara, köňüllere ýalkymyny salar. Çünki Gahryman Arkadagymyz bu ýoluň süňňüne sagdynlyk, durkuna dowamatlylyk çaýyp seýkin basyp, uz ýöräp, uçsa ganat açyp gelýän bedewlerimize geçit berdi. Şonuň üçin hem makalamyzy eziz Arkadagymyzyň dogalyk pähmine, Pyragy dek paýhasyna ýugrulan, şeýle-de aýdym bolup ýaňlanýan şu şahyrana sözleri bilen girişmegi müwessa bildik.

Ilime bagyş edip, buýsanç, baýlygym,

Ýol açar men ýyldan ýyllara, bedew!

Garaşsyz Diýarymyzda ahalteke bedewleriniň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmaga aýratyn uly uly üns berilýär. Halkyň milli mirasy, baý geçmişi, syrly taryhy, ak geljegi bilen bagly bolan gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň artdyrylmagy bolsa gönüden-göni hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda badalga berlen giň gerimli özgertmelerdir beýik işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa mysal edip, ýurt başyna gelmeginiň ikinji aýynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen çäreleri uly buýsanç bilen aýdyp bolar.

Ýagny, hormatly Prezidentimiziň  başlyklyk etmeginde 20-nji aprelde ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi üstünlikli geçirildi. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly bellenildi. Onda Arkadagly Serdarymyzyň mähriban enesi-ulus-iliň käbesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny Galkynyş diýen bedewiň boýuna daňmagy, at üstünde hormat ýörişini ýerine ýetirmegi ähli halkymyz bilen birlikde biz ýaşlary hem tolgundyryjy, guwandyryjy pursatlara gurşady. Munuň özi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň we ýagşy dessurlaryň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ady dünýä dolan Akhan atly türkmen bedewiniň heýkelini gurmaga ygtyýar berilmegi uly buýsanç bilen bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň seýislän bu bedewi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girip, türkmen atlarynyň şöhratyna şöhrat goşdy. Geljekde bu bedewiň hem heýkeli ahalteke atlarymyzyň ebedilik şany bolup, nesiller üçin iň ajaýyp ýadygärlikleriň birine öwrüler.

Döwlet baştutanymyzyň ähli asylly başlangyçlary hem-de arassa ganly ahalteke tohum atlary, onuň özboluşlylygyny gorap saklamak we dünýä medeniýetiniň ajaýyp gymmatlygy hökmünde ähmiýeti, şeýle-de milli atçylyk pudagyny, atçylyk sport mekdebini kämilleşdirmek, onuň bu ugurdaky halkara  işlere ýakynlaşmagy bilen bagly meselelere yzygiderli üns bermegi halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar.

Bu günki günde bu pudagyň yzygiderli ösdürilmegine, ylmy esasda kämilleşdirilmegine, atçylyk pudagy bilen meşgullanýan watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, halkara ýaryşlary geçirmäge niýetlenen häzirkizaman toplumlaryň gurulmagyna uly möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Bedew atlara ideg etmegiň, mynasyp ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däpleri bilen birlikde, dünýä ylmynyň gazananlary, häzirkizaman tehnikalary we tehnologiýalary  bu düzümiň hyzmatyna berilýär.

Ady taryhyň gatlarynda ebedi ýazylyp, seýisçiligi sungat derejesine ýetirilen ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny köpeltmek, olaryň aňrybaş tohumyny geljege geçirmek ugrundaky aladalar hem bu ugurdaky syýasatyň özeninde durýar. Şonuň üçin hem ähli seleksiýa - tohumçylyk işleri TÜRKMEN ATLARY DÖWLET BIRLEŞIGI tarapyndan amala aşyrylýar. Ol ýöriteleşdirilen atçylyk hojalyklarynda atlary ýetişdirmegiň tehnologiýalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär. Häzirki döwürde saýlama tohum bedewleriniň ýüzlerçesi mynasyp idedilýär. Bu ýerde häzir ahalteke atlarynyň tohumynyň ähli ugurlaryndan bedewler ýetişdirilýär. Olar zerden zyýada, altyndan arzyly zamanamyzyň bezegi, baýlygy, genji-hazynasy hasaplanýar.

Häzir ýurdumyzda dünýä derejelerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurlup, ol welaýatlarymyzyň iň bir buýsançly ýerleriniň birine öwrüldi. Atçylyk sporty barada aýtsak, gadymy türkmen topragynda ýörgünli bolan at üstündäki milli oýunlar, häzirki döwrüň birnäçe atly ýaryşlarynyň, dabaralarynyň we şüweleňleriniň esasyny döredýär. Bularyň örän ýörgünli bolmagynyň sebäbi, gadymylygy, halkymyzyň gündelik durmuşyna ýakynlygy we her ýaşdaky atçylyk sportunuň janköýerleri üçin elýeterliligi bilen düşündirip bolar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk sportunyň köp görnüşi gaýtadan dikeldi, şol bir wagtyň özünde olimpiýa sport görnüşi bilen at bilen päsgelçilikden böküp geçmek ugurlary uly ösüşlere eýe boldy.

Arkadagly Serdarymyz ýaş nesilleri terbiýelemekde, olary sagdyn ruhda kemala getirmekde milli däpleriň dowamat-dowam bolmagyna, atly sport bilen meşgullanylmagyna, ýaş çapyksuwarlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şoňa görä-de ýurdumyzyň ýaşlary bilen TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ  alyp barýan jemgyýetçilik işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda hem hut şu tema bilen bagly bäsleşigiň guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.Ýaşlarda milli mertebeliligi, döwletliligi kemala getirmek milli mirasymyza buýsanç döretmek ugrundaky çäreleriň toplumlaýyn esasda guralmagy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän syýasatynyň mynasyp goldanylýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle bolansoň ady rowaýata öwrülen hem-de dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty belende göterilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarypyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ahalteke atçylyk sungatyny girizmek baradaky teklip öňe sürülýär. Ahalteke atlarynyň Watany bolan diýarymyzda geçirilýän ugurdaş halkara sergiler we maslahatlar, ganatly bedewleriň gözellik bäsleşikleri behişdi bedewleriň bütin dünýäde wagyz edilmegine ýardam berýär.

***

Ýaşlar Arkadagly Serdary bilen,

Öňe barýar bedew batly döwründe.

Ahalteke atyn-buýsanjy saýyp,

Saz bilen wasp edýär baryň göwnünde.

 

Bu gün waspyňyza joşa gelip biz,

Owaz içre aýdym etdik adyňyz.

Egsilmesin aý ýollaryň goýnunda,

Hem yza tesmesin bedew badymyz.

 

Şeýle asylly ýörelgeleriň binýadynyň tutulmagynda beýik işleri bitiren Gahryman Arkadagymyza, bu ýörelgeli ýoly rowaçlandyrýan Arkadagly Serdarymyza atyny ganaty saýýan merdana milletimiziň, atynda myradyny görýän türkmen ýaşlarynyň alkyşlary egsilmezdir.

 

Guwanç ANNABAÝRAMOW,

Maýa Kulyýewa adyndaky

Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

Meňzeş habarlar