TARYHDAN TARYPLY TÜRKMEN BEDEWI

Açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanylýan Watanymyz  dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna öz täsirini ýetiripdir. Munuň şeýledigine ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy we maddy däl gymmatlyklarynyň sanawuna milli mirasymyzyň altyn barçalarynyň birnäçesiniň goşulmagy bilen has hem göz ýetirmek bolýar. Şonuň ýaly ahalteke bedewlerimiziň we halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň gymmatlyklarynyň sanawuna goşulmaga teklip edilmegi biz ýaş taryhçylaryň milli mirasa bolan söýgüsini ganatlandyrdy. Çünki halkymyzyň seýisçilik sungatynyň özboluşlylygy, türkmen bedewleriniň gözelligi, ýyndamlygyny tohum taýdan arassalygy taryhyň dürli döwürlerinden bäri mälimdir. Şoňa görä-de, olaryň dürli sebitleriň bedew atlarynyň tohumuna täsir ýetirendigini ýazuw çeşmeleridir arheologik tapyndylar subut edýär. Şu nukdaýnazardan, türkmeniň bedewiniň, seýisçilik sungatymyzyň taryhyň gatlarynda galdyran şöhratly yzlaryny ýaş taryhçy hökmünde ylmy nukdaýnazardan  beýan etmegi müwessa bildik.

Türkmenistanyň gadymy ilaty baryp täze daş eýýamy döwürlerinde ekerançylyk hojalygy bilen meşgullanyp başlapdyr. Ony  Jeýtun medeniýetiniň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Şol ekerançy ilat ruhy dünýäsinde uly täsir ýetiren zatlary sungat eserlerde ebedileşdiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň “Taryhy ýadygärlikler türkmen bedewiniň keşbiniň örän gadymy döwürlerden bäri, heýkeltaraşlaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň, suratkeşleriň, halyçylaryň ünsüni özüne çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip nygtaýşy ýaly, gadymy ilat  birnäçe haýwanlaryň ylaýta-da, toýun palçygyndan bedewleriň heýkeljiklerini ýasapdyrlar. Eger-de ýokarda getirilen maglumatlara salgylanyp, Türkmenistanyň çäginde bedew atlary seýislemek täze daş eýýamyndan göz baş alyp gaýdypdyr diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki arheolog-alym B.A. Kuftiniň mis-daş we bürünç eýýamyna degişli bolan Änew, Ýasydepe, Kermençidepe ýaly ýadygärliklerde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde atlaryň süňk galyndylary tapylypdyr. Tapyndylarda geçirilen barlaglaryň esasynda olaryň öz döwründe eldekileşdirilendigini anyklanyldy. Bu bolsa täze daş eýýamynda ýüze çykan seýisçilik sungatynyň soňky döwürlerde pajarlap ösendigini görkezýär.

Seýisçilik sungatymyzyň taryhy köklerini şöhlelendirýän ýene bir tapyndylaryň biri çapyksuwarly şekillendirilen bedew heýkeljiklerdir. ÝUNESKO-nyň gymmatlyklarynyň sanawuna girizilen gadymy Merwde ýerleşýän Gäwürgala ýadygärliginden şonuň  ýaly nusgalaryň ençemesi ýüze çykaryldy. Heýkeljikler adatça özbaşdak hem-de çapyksuwarly şekillendirilipdir. Olaryň beýikligi 10-12 santimetre barabar bolup, onda bedew dik, uzyn boýunly şöhlelendirilipdir. Bedewler bilen birlikde çapyksuwarlar beýik başgaply, gür sakgally, kellesi süýrelip gidýän görnüşde şekillendirilipdir. Şol bir ýadygärlikden bedew şekilli heýkeliň täsin nusgasy ele salyndy. Heýkelde şekillendirilen bedewiň göwresine özboluşly ýapynja bolup onuň ýüzünde tegelek guşgöz nagşyna meňzeş bezegler bolupdyr. Olaryň häzirki döwürde bedewlerimize dakylýan guşgun we guşgöz şaý-seplerine kybapdaş gelmegi bedewleri gymmat bahaly şaý-sepler bilen bezemegiň has gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny görkezýär.  Bu maglumatlary göz öňüne tutsak, onda adamzat taryhynda heniz demriň ýüze çykmadyk döwründe ýurdumyzda ýaşan gadymy ilatyň arasynda seýisçilik sungaty uly ähmiýete eýe bolandyr. Çünki gadymy süňk galyndylarda we sungat eserlerde geçirilen barlaglaryň esasynda şol bedewleriň häzirki ahalteke atlaryna meňzeş bolmagy olaryň özboluşlylygyny dünýä derejesinde ykrar edýär.

Türkmen bedewiniň arassa tohumlygy, ýyndamlygy we owadanlygy dogrusyndaky maglumatlar gadymy ýazarmanlaryň işinde öz beýanyny tapypdyr. Parfiýa döwletiniň paýtagt şäheri Nusaýda öz döwründe seýislenen ajaýyp bedewler barada Geradot, Strabon, Plinny ýaly grek-rim ýazarmanlary haýran galmak bilen işlerinde belläpdirler. Plinnynyň ýazan işlerinden seljerme geçiren alym I. G. Droýzeniň: “Nusaý Günorta Türkmenistanyň çäginde ýerleşip şöhratly parfiýa bedewleriniň ojagy hasaplanýar. Her ýylda bu ýerden ahemeniler Eýrana 2000 sany taýçanagy Mitra hudaýynyň baýramçylygy mynasybetli alyp gidipdirler” diýen setirlerinde türkmen bedewleriniň beýleki ýurtlaryň çäginde arassa tohumlygy üçin äkidilendigine göz ýetirmek bolýar. Gündogary öwreniji alym M.Saparow bolsa öz işinde: “Türkmen bedewiniň gözelligi, özboluşly çydamlygy, eýesine bolan wepaly ysnyşyklygy köpleriň ünsini çekipdir. Şoňa görä-de, birnäçe asyrlaryň dowamynda  Orta Aziýanyň beýleki döwlerine şol bir wagtyň özünde Eýrana we Owganystana türkmen bedewleriniň müňlerçesini tohum arassalygy üçin alyp gidilipdir”  diýip nygtaýar. Bu maglumatlar bedewlerimiziň taryhyň dürli döwürlerinde dünýäniň beýleki medeni ojaklarynda uly ähmiýete eýe bolandygyny görkezýär. Şol döwürlerde ýurdumyzyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen bedewler bolsa häzirki ahalteke bedewlerimiziň ata-babalary hasaplanylýar. Taryhyň çylşyrymly menzillerinde birnäçe wakalary başdan geçirendigine garamazdan ata-babalarymyz şol bedewleriň tohum arassalygyny gorap-saklap, sungat derejesine çenli ýetiripdirler. Munuň şeýledigini ençeme bilermenlerdir taryhçylar öz işlerinde tekrarlaýarlar.  

Türkmen bedewlerimiziň dabarasy dag aşýan şöhraty barada 1914-nji ýylda döredilen Teke atly polky dogrusynda galdyrylan maglumatlar gürrüň berýär. Birinji jahan urşy ýyllarynda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda döredilen teke atly polky rus goşunlary bilen birlikde Germaniýanyň çäginde söweşipdir. Şol söweşe gatnaşyp, ahalteke bedewleriniň edermenligine haýran galan nemes ofiserleriniň biri ýandepderçesine şeýle belläpdir: “Rus goşunlarynda adamzadyň aklyna sygjak güýje eýe bolan atlaryň bolmagy juda haýran galdyryjydy. Egni täsin lybasly çapyksuwarly bedewleriň gaýduwsyzlyk bilen öňe okdurylyşy söz bilen beýan eder derejeden bärden gaýdýardy...”. Garşydaş goşunyň esgerlerini haýran galdyran türkmen bedewiniň waspy şu setirleriň üsti bilen hem düşnükli bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň “Taryh nireden başlanýan bolsa şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr” diýen jümlesi türkmen bedewleriniň toýnagy degen topragyň olaryň şan-şöhratynyň janly şaýadydygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň  “Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniňiň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr” diýip nygtaýar. Halkymyzyň asyrlar aşyp ýakyn syrdaşyna öwrülen türkmen bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda sarpalanýar. Olaryň şan-şöhraty halkara derejede beýgelýär. Oňa ýurdumyzyň  BMG-niň ylym, bilim medeniýet boýunça guramasy ÝUNESKO  bilen alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygyň mysalynda has hem göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň milli mirasynyň altyna barabar gymmatlyklarynyň sanawuny özünde jemleýän bu gurama biziň milli mirasymyzyň altyn parçalarynyň birnäçesiniň goşulmagy ruhymyzy beýgeldýär. Şol bir wagtyň özünde bu hyzmatdaşlygyň çäginde ahalteke bedewlermiziň we seýisçilik sungatymyzyň, ÝUNESKO-nyň gymmatlyklaryna girizmek boýunça alnyp barylýan işler türkmen halkynyň milli mirasynyň özboluşly aýratynlyklarynyň dünýä derejesinde uly abraýa eýedigini nobatdaky sapar tekrarlaýar.

 

Maýagözel MOMMALIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar