Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde uly ösüşler bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geljekki ösüşleriň, düýpli işleriň berk binýady tutulýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňa täzeçil usullary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, aýratyn-da, nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge giň ýol açýar. Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň, önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň görnüşleri günsaýyn artýar. Ýurdumyzyň pudaklaryny ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, şeýle-de pudaklara ylymda ýetilen we oýlap tapylan täze usullary ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy pudaklaryň biri bolan nebitgaz pudagynda hem bu ugurda uly işler alnyp barylýar. Nebitgaz pudagynda nebiti öndürmek we ony gaýtadan işlemek barada birnäçe işler geçirilýär. Ýokary tehnologiýalara eýe bolan birnäçe senagat desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär, olaryň köpüsiniň gurluşygy häzirki wagtda hem dowam edýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlaryna bagtyýar hem abadan durmuşda ýaşamak, döwrebap bilim almak, ylym bilen meşgullanmak we halal zähmet çekip, Watanymyzyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Mähriban ŞYHMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyñ Asgabat şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiñ baş hünärmeni.