“DÖWRÜMIZE NUR SAÇÝAR, GYMMATLY EGSILMEÝÄN HAZYNA”

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy diňe bir nusgawy edebiýatymyzda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem öçmejek yz goýan şahyrdyr. Eserleri umumyadamzadyň genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyryň döredijiligini hemmeler uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Çünki akyldaryň dostlugyň, parahatçylygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlanýan, ynsanperwerlige ýugrulan şygyrlary many-mazmuny, ähmiýeti bilen köňüllerde ýer edýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde edebi mirasymyzy öwrenmek, sungatda we döredijilikde yz galdyran şahsyýetlerimizi wagyz etmek barada uly işler durmuşa geçirilýär.

Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşi etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýine harby esgerleriň gatnaşmaklarynda “Döwrümize nur saçýar, gymmatly egsilmeýän hazyna” atly gurnalan sergä gatnaşdylar. Sergide Magtymguly Pyragynyň golýazma eserleri, milli şaý-seplerimiz, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiziň birnäçesi sergilendi. Sergä gatnaşanlar wideo ýazgylar arkaly Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserlerini diňlemäge-de mümkinçilik aldylar. Muzeý işgäri sergä gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň eserleri umumyadamzat ruhy we medeni gymmatlyklarynyň şamçyragyna öwrüldi, onuň döredijiligine dünýä alymlary tarapyndan ýokary baha berilmegi beýik şahyryň eserleriniň gymmatlydygyny, ähmiýetlidigini we çuň many-mazmuna eýedigini aňladýar diýip belledi. Çeper sözüň uzuny saýlap, pikirlerini goşgy setirlerine salan şahyryň köňlünden taraşlap şagladyp, geljekki nesillere ýadygär goýan eserleri gymmatly hazyna, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr, şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşsa-da, gadyr-gymmatyny ýitirmejek eserleri hemişe söýülip okalýar diýip sergä gatnaşanlara buýsanç bilen gürrüň berdi.  Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy täzeden dikeldip beren  hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Serdar MYRADOW,

TMÝG-niň Magtymguly

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR