DANA BARADAKY ROWAÝATLARDAN

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň ata Watanyna, ene topragyna bolan söýgüsi, mähri diňe bir ajaýyp şygyrlarynda däl, eýsem, rowaýatlaryň üsti bilen ýüze çykýan wakalarda hem aýdyňlygy bilen duýulýar. Olar aşakdaky rowaýatlardan hem görşümiz ýaly, ynsan kalbyna nur çaýýar, ruhuňy galkyndyrýar.

 

SYRLY TORBA

Keseki ýurt şasynyň nökerleri parahat oturan ýomut, gökleň taýpalarynyň üstüne çozup, olaryň mallaryny sürüp äkidipdirler. Şeýle hem esli adamy ýesir alypdyrlar. Oba ýaşululary maslahat edip, keseki ýurt şasyna owadan halylary, ýyndam atlary, halat-serpaýlary sowgat berip, ýesirleri yzyna almakçy bolýarlar. Bu maslahaty eşiden ýaş Magtymguly hem olara goşulmakçy bolýar. Emma ýaşulular:

—Seniň ýaly jahyllaryň munuň ýaly möhüm ýerde işi bolmaz. Bu iş aksakallaryň, ýaşulularyň işidir—diýip, Magtymgulyny özleri bilen äkitmändirler. Ýöne ýaşulular ýola ugran badyna Magtymguly bildirmän, olaryň yzyna düşýär. Şol wagtlar keseki ýurt şasy ýazky köşgünde bolýar eken. Türkmen ýaşululary şanyň ýanyna baryp, özleriniň näme üçin gelendiklerini aýdýarlar. Şa:

— Beýle möhüm iş bilen gelen bolsaňyz, Magtymguly şahyr haýsy biriňiz bolarsyňyz? — diýýär.

Şol wagt agajyň aňyrsynda gizlenip duran Magtymguly öňe çykýarda:

— Siziň alyjenabyňyz, Magtymguly diýeniňiz şu kemine guluňyzdyr—diýýär.

Şa ýaşulularyň ýüzüne seretmän:

—Siz Magtymguly bolsaňyz, näme dilegiňiz bolsa aýdyberiň—diýýär. Magtymguly öz goşgusyndan:

 

Resul damadydyr, öz arslanyňdyr,

Ýa ymam Alyýa bagyşla bizni —

 

diýen setirleri aýdyp ugraýar. Şahyr bu goşgusynda uly hormat goýulýan ymamlary, olaryň ata-babalaryny, neberelerini birin-birin ýatlaýar. Magtymguly bu goşgusyny tamamlamanka şa iki eli bilen ümläp:

—Berdim, berdim, berdim...—diýip aglaberipdir. Soňra şa Magtymgulynyň öz köşk şahyrlary bilen goşgy aýdyşmagyny talap edipdir. Magtymguly olar bilen goşgy aýdyşanda içi gumly attorbanyň üstünde oturyp aýdyşýar we hemme köşk şahyrlaryny ýeňýär. Şa bu ýagdaýa haýran galyp, näme üçin onuň attorbanyň üstünde oturýandygyny soraýar. Onda Magtymguly:

—Bu torbanyň içinde ata Watanymyň topragy bar. Men şol topragyň üstünde oturan wagtymda özümi Watanymda oturan ýaly duýýan. Arkamda-da halkym duran ýaly, hiç zatdan gorkmaýan hem hiç kimden ýeňilmeýän — diýip jogap berýär.

Şa Magtymgulynyň köşk şahyry bolmagyny arzuw edip:

—Sen iň gowusy şu ýerde gal, men seni ömrüň ötýänçä hor bolmaz ýaly ederin—diýende, Magtymguly:

—Ýok, tagsyr, men köşkde galyp bilmen, men halk adamsydyryn, halkym maňa garaşýandyr—diýýär. Muňa şanyň gahary gelip:

—Halkym, halkym... Näme halkyň bar? Ne onda baş bar, nede aýak—diýende, Magtymguly:

 

Ýomut, gökleň tagsyp edip özünden,

Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez;

Sygmaý çykdy deşdi-sähra düzünden,

Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez —

 

diýýän sözler bilen başlanýan «Öňi-ardy bilinmez» diýen goşgusyny aýdýar.

 

ASLYMDAN DÄNMEN

Günlerde bir gün Magtymguly hem öz obadaşlary bilen keseki ýurt hanlarynyň goluna ýesir düşýär. Şahyry ýoldaşlaryndan aýryp, alyp gidýärler. Ony şol ýerde alyp galmak isleýärler. Emma Magtymguly: «Men hiç wagt aslymdan dänmen!» diýip:

 

Ýaz geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim,

Açaýyn diýsem - açylmaz, ne agyr uýkulydyr.

 

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,

Asly — gerkez, ýurdy — Etrek, ady Magtymgulydyr. —

 

diýen setirler bilen jemlenýän «Äleme belgilidir» diýen gazalyny aýdypdyr.

 

Ogulbaýram TAGANOWA,

žurnalist.

«Watan» gazeti, 04.10.2022ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR