Hawa, tebigata söýgi zähmete söýgini kemala getirmegiň binýadydyr. Aslynda, tebigata söýgi ilkinji orunda bolmaly. Zähmet hem aňly-düşünjeli guralmasa, ol harsydünýälige barýar. Şeýle zähmetiň netijesi ýaramaz bolup, tebigata zeper ýetirip biler. Ekologiýa taýdan düşünjeliligiň möhümligi hem şondadyr. Zähmet diňe oňyn netijäniň – adamlaryň bähbidine, tebigy deňagramlylygyň saklanmagyna hyzmat etmelidir. Käteler ýeri hapa-haşal otlardan arassalamak üçin ondaky ähli minerallara zyýan ýetirilýän ýagdaýlary-da bolýar. Şeýle ýagdaýlaryň her biri hem ylymda aýratyn göz öňünde tutulýar we olaryň öňüni almagyň çäreleri işlenilip düzülýär. Ol toplumlaýyn häsiýetde bolup, sansyz köp bilimleriň, ylmy seljermeleriň jeminden ybaratdyr. Halkymyzyň zähmet terbiýesinde şolar bilen bagly düşünjeler hem kemala getirilendir. Topraga, suwa nähili garamalydygy görüm-görelde bilen nesilden-nesle geçirilýär. Şolar esasynda ýaş nesillerde zähmete söýgini döretmek jemgyýetimiziň möhüm wezipesidir. Eziz Watanymyzyň ösüşlerinde öz beýanyny tapýan wezipeler döwlet syýasatymyzda hem ünsden düşürilmeli däldir. Gowy görelde ýaýylmalydyr, netijäniň maksada görä däldigi hem durmuş mysallary esasynda ýaşlara düşündirilmelidir. Halkymyzda: «Zähmet soňy – rehnet» diýilýär. Bir akyldar zähmet adamy üç sany dertden-garyplykdan, näsaglamakdan, ýürekgysmadan halas edýär diýipdir. Şu ýerde il içinde eşidenlerimden bir rowaýaty gürrüň bereýin.
Bir ýaş ýigit ýaramaz endiklerinden saplanmaga hiç erki ýetmändigi üçin, danadan maslahat sorapdyr. Dana oňa ýaş nahaly görkezip, ony sogurmagy buýrupdyr. Ýaş ýigit ony bir elinde sogrupdyr. Soňra dana oňa öňküden berdaşlyrak nahaly görkezip, sogurmagy buýrupdyr. Hawa, näçe gujurlydyryn öýtse-de, ol nahaly iki eli bilen çekeläp, zordan sogrupdyr. Dana sesini çykarmandyr-da, oňa üçünji bir agajy – öňkülerden uluragyny görkezipdir. Ýigit ony hem sogurmakçy bolupdyr. Ýöne bu oňa başartmandyr. Dana şunuň üsti bilen ýaş ýigide ýaramaz endikleriň hem kök ursa, olardan ara açmagyň juda kyn bolýandygyny düşündiripdir.