ÝEDITOP

Oýnuň oýnaljak ýeri we oňa gerek serişdeler. Oýny düz meýdançalarda, baýyrlaryň arasynda, çägesöw ýerlerde, takyrlarda, sport meýdançalarynda, sport öýlerinde hem-de amatly ýerlerde geçirmek bolýar. Meýdançanyň ölçegleri: pellehanalaryň aralygy 60–100 metr ýa-da 40–60 ädim çemesinde bolmalydyr. Ol adam sanyna görä, üýtgäp biler.

Oýny geçirmek üçin bir sany rezin top we uzynlygy 1 metre golaý taýak gerek. Taýagyň tutulýan ýeri tutmaga amatly bolmaly.

Oýna taýýarlyk. Oýna 10–16, 20–26 we ondanam köp oýunçy gatnaşyp biler. Oýna näçe köp adam gatnaşsa, ol şonça-da şowhunly geçýär. Bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, oýunçylar deň iki topara bölünýärler. Her topar özüne öňbaşçy saýlaýar. Şondan soň iki pellehana bellenilýär. Pellehanalaryň biri topy urmak we gaçmak üçin, beýlekisi gaçyp barylýan we yzyna gaýdylýan pellehana. Pellehanalar uzyn we ýogyn çyzyklar bilen biri-birinden tapawutly bolmaly. Pellehanalar bellenenden soň toparyň haýsysynyň döwçi, haýsysynyň topçy bolmalydygyny kesgitleýärler. Topçy toparyň bir oýunçysy döwçülere top oklamak üçin top urulýan pellehanada galýar. Topçy toparyň oýunçylary meýdançanyň içine ýaýramak we topy biri-birine oklaşmak, urlan topy gapmak, döwçi toparyň topy urup, gaçyp barýan oýunçysyny top bilen urmak üçin amatly bolar ýaly, hersi bir ýerde durýarlar. Döwçi toparyň oýunçylary top urulýan pellehanada galyp, nobatma-nobat oklanan topy urýarlar.

Oýnuň oýnalyşy. Ýolbaşçynyň rugsadyndan soň, döwçüleriň biri topçy bilen 2–2,5 metr aralykda ýüzbe-ýüz durýar. Topçy elindäki topy döwçi bilen aralyga düşer ýaly edip, 2–2,5 metr ýokary oklaýar. Döwçi elindäki taýak bilen topy urmaly. Ilki başda her döwçiniň topy bir gezek urmaga hukugy bar. Döwçi topy urup, topçular topy getirýänçäler pellehana baryp, dolanyp gelse, indiki nobaty urmaga ýetişse, döwçi topary üç gezek urmaga hukuk gazanýar. Eger-de nobatdaky döwçiniň salgan taýagy topa degmese, onda ol bellenen ýerde gaçmaga maý bolýança garaşmaly. Ol maý tapyp, pellehana baryp gelse, oňa ýene bir gezek topy urmaga hukuk berilýär. Kähalatlarda döwçüleriň birisine beýleki pellehana baryp, dolanyp gelmäge maý bolman galýar ýa-da döwçüleriň hemmesi pellehana ýygnanýarlar. Şeýle ýagdaýda topçy döwçüleriň 3–4 metr gapdalynda durup, topy “göge”, ýagny, topy 2,5–3 metr ýokary oklap gapýar we döwçülere gaçmaga maý berýär. Döwçüler has çakgan, sapalak atyp, amatly pursatdan peýdalanyp, top urulýan pellehana tarap gaçýar. Ol özüni top bilen urdurman gelse, ýene-de oklanan topy urup, ýoldaşlarynyň dolanyp gelmegine mümkinçilik döredýär. “Gök” berýän oýunçy hem öz gezeginde ylgap barýan oýunçynyň öňräginde duran öz ýoldaşy na topy çalt oklaýar. Öňdäki duran oýunçy topy gapyp, ylgap barýan döwçini urup biler.

Oýnuň düzgünleri:

1. Oýunçylar iki topara bölünende mümkin boldugyça olaryň ýyndamlaryny, çalasynlaryny, topy oňat urýanlaryny, topy göni zyňyp bilýänlerini iki tarapa-da deň bölmeli.

2. Topy uzaga ýa-da topçularyň seýrek ýerine urup, şol gezekde hem pellehana baryp dolanyp gelen oýunça topy üç gezek urmak hukugy berilýär. Beýleki halatlarda oýunçylar topy ýeke gezek urup bilerler.

3. Öz top urmak gezegini geçiren oýunçy amatly pursatdan peýdalanyp, pellehana baryp, ýene-de dolanyp gelse, nobaty gelende oňa ýeke gezek topy urmak hukugy berilýär.

4. Öň üç gezek topy urmak hukugyny gazanan oýunçy ikinji gezeginde ýene-de topy jaý urup, pellehana baryp dolanyp gelse, onuň indi 5 gezek top urmak hukugy bar. Iki top öňküsi, üç top hem täzeden baryp geleni üçin.

5. Eger topçular döwçüleriň uran topuny gapsalar, onda olar döwçi bolýarlar.

6. Döwçi topa tötänleýin galtaşaýsa, onda olaryň bütin topary topçy bolýarlar.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR