GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR» ATLY ESERINDEN

Merdana goragçy!

Iň mertebeli mukaddeslige deňelen eziz Watanymyzda parahatçylygy, agzybirligi, batyrlygy, zähmeti, halal ýaşaýşy wasp edip ýaňlanýan ganatly aýdymlar seniň kesbiňe söýgüňden dörän aýdymlardyr.

Göroglynyň watançylyk namalary seniň köňül namalaryňdyr. Çünki adalatly, asuda durmuşy söýmegi biz ady rowaýata öwrülen gadymy pederleriň nusgalyk ömri bilen geljege ýetirýäris.

Bu toprakda Gorkut ata, Görogly beg, Nejmeddin Kubra, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Baýram han ýaly merdanalaryň nepesinden janlanan jadyly daragtlar saýa bolýar.

Seniň oňa wepaly bolup, adalaty, asudalygy goramagyň hökmandyr.

Merdana asudalygy goraýjy!

Ata-babalarymyzyň başlarynyň täjine deňän gymmatlyklarynyň biri ynsapdyr. Ynsap bize tebigatyň özüniň beren üşükleriniň toplumydyr. Ol öwrenilýän zat däl-de, zandy tebigatymyza siňdirilen gymmatlykdyr. Ynsabyň bar ýerinde adamkärçiligiň bardygyna ynanan ata-babalarymyz bu düşünjä jemgyýetiň derejesini aýan edýän ölçeg hökmünde garapdyrlar.

Asudalygy goraýjy gerçek! Sen bu garaýşyň gözbaşynda ýaradylyşyň nähili uly manysynyň ýatandygyna gowy düşünýänsiň. Jemgyýetimiziň mundan buýana hem asuda ýaşaýşyny gorap saklamakda saňa egsilmez güýç-gaýratlylyk ýaran bolsun!

Saňa ärleriň gaýraty, mertligiň göreldesi nusga bolsun.

Bu mähriban Diýarda adamyň bagtyýar ýaşaýşy hakyndaky arzuwlar hasyl bolýar.

Seniň wezipäň agzybirligi, howpsuzlygy, döwletliligi

goramakdyr.

Ilhalar adamlaryň ömür ýoluny öwrenip, öňüňde özüň üçin täze geljegi aç!

Oka, öwren, bil, merdanalaryň ömür ýoly saňa her pursatda güýç bersin! Çünki okamak, öwrenmek, yzygiderli kämilleşmek saňa ýaraşýar. Bu seniň mertebeliligiňdir.

Dünýäniň täze ylym-bilimlerinden habarly bolmak üçin, okamagy hemişelik endigiňe öwürmegiň wajypdyr.

Il ykbaly – seniň ykbalyň. Magtymguly akyldaryň «Her iş gelse, il biläni» diýen setirleri seniň üçin başarjaňlygyň, ugurtapyjylygyň, töwekgelligiň ündeýän dana kelamydyr. Çünki sen ata-babalaryň gerçeklik edebine, merdanalyk sargytlaryna wepaly bolup, öz-özüňi yzygiderli kämilleşdirmelisiň.

Seniň halal zähmetiň netijesinde eziz Diýarymyzyň her gününde asudalyk baýramy dabaralanýar. Asudalyk geljekdir, asudalyk agzybirlikdir, asudalyk ynamdyr. Çünki her günüň asudalygynyň özi eziz Diýarymyzyň gözelliginiň dowamlylygyny äşgär edýän ajaýyp baýramdyr.

Goý, durmuş asuda bolup, jebislik ýaşasyn.

Eziz Watanymyza söýgiňiz ertirki nesillere, gözel durmuşa söýgiňizdir.

Gadyrdan asudalygy goraýjy! Men saňa hemişe Watan diýen beýikligiň gudratyny duýup, erkana, parahat durmuşda ýaşamagy arzuw edýärin.

Dünýäde abadanlyk bolsun!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz ýaşasyn!

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR