Durmuşda wagtal-wagtal dürli zatlar hakynda dürli-dümen pikirler serimizi doldurýar. Käteler özümiz ýa-da özümize juda ýakyn adamlar hakynda, käteler daş-töwerek, tebigat, älem-jahan dogrusynda, käteler bolsa zeminleriň üsti, asty, asmanyň gatlary hakda pikir öwürýäris. Serimizde dünýäni saklasagam, özümizi hem hiç wagt gözden düşürmeli däl. Durmuşyň dürli pursatlarynda böwrüme diňşirgenip, şol pursatda özümi alyp barşym hakynda öz-özüme sowal berýärin. «Men şu wagt özümi kimiň ornunda goýýarkam? Adamlaryň «agalyk ediji güýç», «agalyk ediji höküm» diýýän zatlary mende nähili häsiýetlerkä? Şol pursatlarda men kime meňzeýärkäm? Sada çagajyk, kakabaş ýaş ýigit, ejiz bir zenan, zabun hökümdar, eldeki haýwan, ýyrtyjy wagşy, hakyky ynsan, beýik maksatly we bir ýörelgeli adam… Meni hemişe özüm bolup çykyş edýärinmi ýa-da mahal-mahal özlügimden çykyp, başgalaryň donuna bürenýärmikäm?» Bu pelsepewi düşünje maňa uly täsir etdi. Eger-de özümi, öz bolşumy mazaly öwrenip bilsem, özümi nirede nähili alyp barýandygyma akyl ýetirsem, gylyk-häsiýetlerime käbir düzedişler girizsem, onda özümi has kämilleşdirip biljek ekenim. Bir gün şeýle oý-hyýallara çümdümde, durmuşda aglaba halatda özümi alyp barşymy göz öňüne getirmäge oturdym. Käbir pursatlarda kime meňzeýändigimi, kim bolýandygymy pikir eleginden geçirdim…
* Ogluma, aýalyma ýa-da işgärlerimiň birine gaharym gelende, olaryň ynsan mertebesini, göwnüni, hormatyny birjik-de nazara almaýan zabun we rehimsiz bir hökmürowana dönýän ekenim. Üstesine, oglumyň goýberen ýalňyşlygy üçin onuň soran ötünjini, aňsat-aňsat kabul etmeýän bir diýdimzor adam ekenim.
* Biri babatda öteräk gürrüň etsem, ol hakdaky pikir-garaýşlarymda, edýän işlerimde ýalňyşsam ýa-da bärden gaýtsam, ýa-da öz hereketlerim bilen göwnüni ynjytsam, özümi ejiz-gowşak bir adam mysalynda görýän ekenim. Şonda özümi aklamaga, günämi ýuwmaga başlaýaryn.. Ýalňyşlygymy duýup, ondan ötünç sorasam, ejizligim aýrylyp giden ýaly bolýar, emma bir bahana duwlanyp, «bagyşla» diýmäge boýnuýogynlyk etsem, özümi biparh ýaly görkezmäge çalyşsamam, içimden bir ses «Ejiz gelendigimi» ýatladyp durýan ekeni. Her gezek lapykeç, göwnüçökgün bolan halatlarymda hem özümi juda ejiz hasaplaýaryn, çünki lapykeçligi, göwnüçökgünlige maý bermegiň özüni güýçlüleriň häsiýeti hasaplamaýaryn. Kähalatda dargursak bolan pursatlarym hem özümi juda ejiz görýärin. Dargursaklyk, köplenç halatda, okuw gurnagyma garaşanymdan has az adamlar gelende hem peýda bolup bilýär.
* Her gezek möhüm bir işi gijikdirsem ýa-da asla başyna barmasam, ýa-da gerekmejek zatlara güýmenip, wagtymy manysyz ötürsem, özümi saklamaly ýerimde gaharyma bäs edip bilmesem, gulak asanymda gönenjek ýerimde hem biperwaý ötüp gitsem, men özümi kakabaş ýaş ýigit ýaly görýän ekenim.
* Beýlekiler hakda söz açylanda, olaryň ýagşy taraplaryny, öwmäge mynasyp häsiýetlerini ýatlasam; hemmeleriň men babatdaky öte geçmelerini we göwne degmelerini bagyşlap, olary goldap bilsem; müýnli ýerimde, özgelerden ötünç sorasam; her gezek ejiz-biçäre, syrkaw-sökel, misgin-pukara adamlar bilen gabatlaşamda olara hoşamaý bakyp, ýardam-kömek edip bilsem, men özümi hakyky ynsan ýaly görýän ekenim. Durmuşyň her bir pursadynda arassa we asylly gylyk-häsiýetler hem-de umumy adamzat gymmatlyklaryna laýyk hereket edýän bolsam, özgeleriň nähili hereket edýändigine garamazdan, hemişe arassa matlapdan we päkize niýetden ugur alýan bolsam, men özümi hakyky ynsan hökmünde görýän ekenim.
* Kömege mätäç her bir adama ýardam goluny uzadýan wagtym; özüme bäsdeş we basdaşlara hem ýaramaz duýgy bilen bakmaýan, olardan aýyp-syn etmeýän, içimde kine-kitüw saklamaýan wagtym, men özümi beýik we asylly maksatly bir ynsan hökmünde görýärin. Her bir zerur we ähmiýetli ýerinde güýjümde we golumda baryny sarp edýän mahalym; deregine hiç zat tama etmezden özgelere ýeterlik wagt we ýardam sarp edýän wagtym hem men özümi beýik we asylly maksatly bir ynsan hökmünde görýärin. Beýlekileriň üstünligine we artykmaçlygyna ýürekden begenýän hem-de guwanýan wagtym, (hatda öz ugrumdan bolsa-da, başga ugurlardan bolsa-da), il-güni begendirýän, köpçüligiň haýryna bolan işleri eden wagtym (bu işi men etsem-de, beýlekiler etse-de), men özümi beýik we asylly maksatly bir ynsan hökmünde görýärin.
* Gerekmejek zatlara dümtünip, wagtymy we pikirimi sarp edeniňe degmeýän zatlara güýmensem, bir zadyň soňuny saýgaryp-seljermän, pikirlenmän, desbi-dähel bir karara gelsem, özümi sada çagajyk hökmünde görýärin...
Netijede, men şu günden başlap, her günüň ahyrynda özümiň haýsy häsiýetlere çümüp-çykandygymyň hasabyny, sanawyny ýöretmekçi. Hemişe-de hakyky ynsan bile beýik we asylly maksatly bir ynsanyň aralygynda hasyl bolýan endik-häsiýetlere ymtylmakçy. Dogrusy, bu ikisiniň arasynda ullakan bir tapawut hem bardyr öýdemok.
Hereket et:
Ýokarky pelsepä laýyklykda her günüň ahyrynda şol günki hereketleriňi, eden işleriňi gözden geçir we şol güni kim bolup ýaşandygyňa göz ýetir.