Türkmenistanda giň ýaýran arwana tohumyndan bolan düýe ýylda ortaça 2000-4000 litr süýt berýär. Arwananyň ömri ortaça 30-35 ýyl. Inen düýe ilkinji gezek 5 ýaşynda botlaýar. Soň ol ýylaşa botlap, her gezekde diňe ýeke köşek berýär. Düýe köşegini bir ýyllap garnynda göterýär. Botlansoň, düýe 16-18 aý sagylýar. Beýleki sagylýan mallardan tapawutlylykda, sagyljak düýe ilki köşegine emdirilýär.
Iýdirenden soň, ýagny düýäniň ýelnine süýt inenden soň, düýäni sagýarlar. Düýäni günde 3-4 gezek sagyp bolýar.
Düýe çaly – düýe süýdünden taýýarlanýan önüm, turşumtyk, teşneligi oňat gandyrýan içgi.
Düýe çalynyň taýýarlanyş usuly şeýleräk: saglan düýe süýdi ýylylygy bilen süzülip, çigligine gönezlik üçin niýetlenen goruň (düýe çaly öz-özüne gor bolup, hyzmat edýär) üstüne guýulýar. Şondan 20-25 minut çemesi geçensoň (süýdüň we goruň temperaturasyna baglylykda), goýy köpürjik goruň üstüne galýar. Oňa «agaran» diýilýär. Onuň düzüminde ýokumly maddalar (ýag, belok, witaminler we ş.m.) köp. Düýe çalynda, şeýle hem düýe süýdüniň özünde dürli witaminler köp bolup, ol ençeme keseliň dermanydyr. Halk arasynda: «Düýe ýüz derdiň dermany» diýýärler.
«Bissimilla» diýip, türkmeniň düýe çalyny içip başlarsyň welin, onuň lezzeti aýrybaşgadyr. Düýe çalynyň täsiri gaňşyrawugyňy kükeder. Düýe çalynyň ýokumy süňňüňe siňer-de, janyňa şypa berer. Düýe çalyny içen adamlar ýüreginden syzdyryp: «Çeşmäňe bereket!» diýýärler. Töwir galdyryp: «Bagyş etdim düýäniň piri Weýisbaba» diýip alkyş aýdýarlar. Çünki, düýäniň piri Weýisbaba türkmenleriň ynamynda, rowaýatlarynda ýaşap ýör.
Aşgabatly, Çyrçyk obasynda ýaşaýan Hommat hajynyň gürrüň berýän rowaýatyna görä: «Muhammet pygamberimiz öz egindeşlerine serpaý ýapanda, iň uly serpaýy Weýisbaba beripdir. Muny beýleki egindeşleri geň görüpdirler. Weýisbaba olara garap: «Hemmäňiz agzyňyzy açyp görkeziň!» diýipdir. Agyzlaryny açypdyrlar welin, hemmesiniň dişleri bar eken. Weýisbaba öz agzyny açypdyr, agzynda ýekeje diş-de ýok diýýär. Weýisbaba munuň sebäbini «Ukat dagynda bolan söweşde Muhammet pygamberiň döwülen iki dişiniň hatyrasyna men ähli dişimi sogurtdym, şonuň üçinem pygamberimiz maňa şeýle serpaý ýapdy» diýip düşündiripdir. Ine. düýäniň piri Weýisbaba şeýle pespäl, şeýle hamrak adam bolupdyr. Düýäniň pespälligi, hamraklygy-da şonuň üçin diýýärler.