TÜRKMEN DILINIŇ SÖZKÖKI (ETIMOLOGIK) SÖZLÜGI

Aýazbaba [Aýazba:ba] – Ýewropa ýurtlarynda, şol sanda Orsyýetde we öňki Sowet Soýuzynyň ähli ülkelerinde milady günsanarynyň täze ýyl gijesinde ýolkanyň daşynda şadyýanlygyň bekewüli we Täze ýyl sowgatlaryny paýlaýan ak emeli sakgally, ak possunly, eli taýakly, egni sowgat salnan torbaly ýaşula Aýazbaba, orusça Ded Moroz, käbir Ýewropa we Amerika ýurtlarynda bolsa Santa Klaus diýilýär. Onuň ýanynda şagalaňy alyp barmaga kömekleşýän şadyýan we owadan gyzyň ady türkmençe Garpamyk, orusça hem Sneguroçkadyr. Bu atlar orus dilinden terjime edilip alnan sözlerdir.

Aýbogdaş [a:ýbogdaş] – Dyzlary ýazyp, dabanlary baldyrlaryň aşagyna salyp oturmagy aňladýan bu söz «ýazmak» manysyndaky (ser. Aýa) we bogdaş sözlerinden durýar. Soňky sözüň asly bagdaşdyr. «Kitaby dädem Gorkutdan» alnan şu mysallara üns beriň: Gaýrata geldi, gurady, gyzyň ba:gdamasyn aldy... Bu gez (gezek) Birek gyzyň inçe biline girdi, ba:gdady (1995, 53 sah.) (aglaba şiwelerde-de aýbogdaş sözi aýbagdaş görnüşinde ulanylýar). Kaşgarly badga sözüni badak görnüşinde ulanypdyr: Ol anyň aýagyn badgady (badak saldy). «Kutadgu-biligde» bagdaş sözi «aýbogdaş» manysynda gelýär. Diýmek, bagdaş bag sözünden we -da hem-de -ş goşulmalaryndan durýar.

Aýdym – Türkmen edebi dilinde saza goşup, labyzly heň bilen aýdylýan goşga aýdym diýilýän bolsa, Astrahan we Stawropol türkmenleri şu manyda yr ýa-da ýyr sözüni ulanýarlar. Bu türkmenleriň gepleşiginde aýdym sözi hem bar, ýöne ol «ýasda aýdylýan agy» diýen manyny aňladýar. Aýdym sözüniň köki şeýle: aýt (düýp işlik) + -ym (goşulma).

Aýdyň [a:ýdyň] – «Ýagty, açyk» we «anyk» manylarynda ulanylýan aýdyň sözi we tün («gije», «tümlük») sözleriniň goşulyşyp, kebşirlenip gitmeginden hasyl bolupdyr. Ý we ü sesleriniň aralygyndaky dymyk t sesi soňra açyklaşypdyr: aýdün. Uzyn a çekimlisiniň täsiri bilen inçe ü sesi hem y sesine geçipdir: aýdyň. Bu söz türki dilleriň aglabasynda hut şu şekildedir. Türkmen dilinde onuň ahyrky n sesi ň sesine öwrülipdir. Beýle ses gezekleşmesi türkmen dilinde kän duş gelýär. Meselem, kirşen, tozan, palaň, gyraň ýaly sözler şiwelerde kirşeň, tozaň, palan, gyran görnüşlerinde hem ulanylýar. Aýdyň sözüniň aslynyň aýtündigine bu sözüň, köplenç, aý-aýdyň söz düzüminde ýörgünlidigi, uýgur dilinde bolsa onuň aýdun şekiliniň saklanandygy güwä geçýär.

Aýmak – «Türkmen diliniň sözlügine» girizilmedik hem bolsa, dilimizde bu söz üç manyda ulanylýar: 1. Aýtmak sözüniň gadymy görnüşi. Ol köne türkmen edebiýatynda, meselem, Azadynyň eserlerinde aýmak görnüşinde duş gelýär:

 

Aýaýyn bilşim waspyň, eý ýar,

Hyrydary gerek, açyldy bazar.

 

Aýmak sözüne soňra işligiň ýükletme derejesiniň -t goşulmasy goşulypdyr we wagtyň geçmegi bilen ol asyl söz bilen bitişip, kebşirlenip gidipdir. 2. «Ýaýratmak», «ýazmak», «arasyny açmak» manysynda (ser. Aýa, aýmak).

Aýna [a:ýna] – Kwars çägesi eredilip alynýan dury jisimiň we ondan ýasalýan önümleriň aýna diýen ady parslaryň «demir» manysyndaky ahen (aýen) sözünden we at ýasaýžy -a goşulmasyndan durýar. Ilki demriň ýüzüne dury aýna ergini çalnyp bejerilen ýüz görülýän aýnalara şu at berlip, soňra bu at şol dury erginden edilen önümleriň ählisine ýaýrapdyr.

Aýran – Türki dilleriň köpüsinde ulanylyp, meňzeşräk many aňladýan aýran sözi «çal», «suw goşulan gatyk», «uýan süýdüň goýy gatygy däl-de, onuň gök suwy», «gatygyň süzgekden geçen, süzülen turşy suwy» ýaly manylary aňladýar. Bu sanalanlardan soňky iki many aýran sözüniň aýrylmak işligi bilen kökdeşdigini anyk subut edýär. Muňa delil hökmünde Köneürgenç türkmenleriniň orta asyr ýazuw ýadygärliklerinden alnan şu bendi ýatlalyň: Gatygyň aldym-da, gaýmagyn iýdim, aýrany galanda, siziňki diýdim.

Aýran sözüniň köküni anyklamakda düýe süýdünden taýýarlanýan çalyň (suwuk, gök reňkli turşy içginiň we agaranyň) (onuň goýy gatygynyň) atlary has degerli subutnamadyr.

Aýtgy – Asyrlaryň syntgy eleginden geçip, heniz nakyla öwrülip ýetişmedik, emma aýdyljak pikiri delillendirmäge hemaýat edýän aňlatmalar bolýar. Ýaşulular olara aýtgy diýýärler we öz sözlerini «Gadymkylardan galan aýtga görä», «Köneden gelýän şeýle bir aýtgy bar» diýip söze başlaýarlar. Diýmek, aýtgy sözi nakyl, atalar sözi ýaly adalgalar bilen manydaşrakdyr.

Azman – Edebi dilde «4 ýaşyna ýeten teke» manysyndaky azman sözi şiwelerimizde biçilen maly aňladýar. Jyns mäzine zeper ýeten erkek mallara-da azman diýilýär. Azman sözi az kökünden we -man goşulmasyndan durýar (goşulma edermen, iýermen ýaly sözlerde-de duş gelýär). Az köki aslynda ýaz bolup, ol erkeklik mäziniň sogrulyp alynmagy, ýa:zdyrylmagy, ýagny biçilmegi bilen baglydyr. Bereket (öňki Gazanjyk) sebitlerinde höwürden çykybam gysyr galan inenlere ýa:zan düýe diýilmegi hem az we ýaz sözleriniň şol bir kökdendigine güwä geçýär. Daşoguz welaýatyndaky ilat we Stawropol türkmenleri biçilen düýelere atan diýýärler. Bu söz atmak işliginiň kökünden we -an goşulmasyndan durýar (ýagny erkeklik mäzini ýazdyryp, sogrup atmak bilen bagly). Atan sözi «Diwanda-da» duş gelýär: Atan ýüki aş (galla) bolsa, açka az körünür (nakyl).

Azyk [a:zyk] – Iýilýän önümleriň azyk diýen ady az sözünden we -yk ýasaýjysyndan durýar. Az sözi agyz (awuz - az) sözüniň gysgalan we netijede a çekimlisi uzynlyk alan görnüşidir. Diýmek, azyk «agyz (ýagny iýmek, çeýnemek) üçin taýýarlanan närse» diýen manydadyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR