BEDENTERBIÝE WE SPORT SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

Ýaş nesliň jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň dürli künjeginde, hat-da iň çet obalarynda hem gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkitýän sport mekdepleridir, sport desgalarynyň ulanylmaga berilmegi ýaş nesle döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň mysalydyr. Şol sport desgalarynda tälim alýan sporty söýüji ýaşlaryň ýokary görkezijili ösüşleri hem bu gün täze badalga alýar. Bularyň ählisi Bitarap Watanymyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmaga, türgen ýaşlarymyzyň ussatlyklaryny kämilleşdirmäge hem-de täze ýeňişlere ýetmäge, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ýardam berýär. Ýaşlaryň köp sanlysy ýurdumyzda döredilen şertleriň netijesinde, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň sany barha köpelip, sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýy has-da belende galýar.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi ruhubelent talyp ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmek, türgenleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Bedenterbiýe we sport sagdyn durmuşyň gözbaşy” ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik gurnady. Diýseň gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşige Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Muhammet Muhammetjulyýew eminlik etdi. Bäsleşige gatnaşanlara we has tapawutly çykyş edip ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy. Sport bäsleşigine gatnaşanlar türkmen sportunyň at-abraýynyň mundan beýläk hem ýokary göterilmegine, halkymyzyň yzygiderli sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar