“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan Welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi, etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmaklarynda maslahat duşuşygyny geçirdi.Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler eziz diýarymyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirlendir. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, Watanmyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Şu ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy, ähli türkmen ýaşlaryny aýratyn-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň işgärlerini 2023-nji ýylda hasda üstünlikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýilip atlandyrylmagy, biz ýaşlara bildirilen uly ynamyň nyşany bolup durýar. Bu uly ynama jogap gaýtarmak biz ýaşlar guramanyň agzybir işgärleriniň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr diýip belläp geçdiler. Çykyşlaryň ahyrynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza Gyzylarbat etrabynyň bagtyýar ýaşlarynyň adyndan köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar!
Gülsona AŞYROWA
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň hünärmeni.