Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler zalynda, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda, 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çärä etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanmyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen gelejegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, halal zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarly ýurdumyzda watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň bagtyýar ýaşlary ylyma-bilime yhlasly ýapyşýarlar, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, täze döwrebap tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler. “Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýär” diýýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Ol ynam bolsa ýaşlaryň kalbynda egsilmejek uly güýç bolup orun alandyr. Şonuň üçinem biz ony ýylyň dowamynda wasp ederis. Goý, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz iň bir şan-şöhratly ýyllaryň biri bolsun diýip çykyş edenler belläp geçdiler.
T.TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Esenguly
etrap Geňeşiniň başlygy.