“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap arçynlygy, etrap Polisiýa bölümi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda “Arassa ruhy tämiz halk beýikdir” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara edep-terbiýe bermek bilen bir hatarda olary millilige, pederlerimizden miras galan medeni gymmatlyklarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaşlaryň geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri amala aşyrylýar. Ýaşlara döredijilik, sport bilen meşgullanmaga, dünýäde gazanylan öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary öwrenmäge, özleşdirmäge uly mümkinçilikler döredilip berilýär. Bu bolsa ýaş nesliň öňünde hormatly Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemäge giň ýollaryň açylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň häzirki wagtda ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni hem beden taýdan sazlaşykly ösüşi bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýändigini aýratynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz etmek boýunça netijeli işleriň alynyp barylýandygy barada geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda giňişleýin gürrüň edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Bägül BOÝALYÝEWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.