ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Balkan welaýat kitaphanasynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän  ýaşlaryň gatnaşmagynda  2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahatyny geçirdi. Geçirilen maslahat duşuşygynda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yglan eden strategik ugrunda mynasyp dowam edýär. Bu strategik ugruň esasy maksady döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşyndaky «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy, Diýarymyzyň hemme ugurlarda okgunly ösüşini, ýaşlarymyzyň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini üpjün edýän şeýle düýpli özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigini, şol özgertmeleriň mazmun hem-de möçber taýdan has-da baýlaşjakdygyny tassyklaýar. Sebäbi Arkadagly Serdarymyz: «Geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr» diýýär.

Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagy zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolup, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çuň mazmunly çykyşynda şeýle diýdi: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys». Arkadagly Serdarymyzyň bu paýhasly sözleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dowamly ýokarlandyrmakda, syýasy durnuklylygyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik tutumlary dowam etmekde biz — ýaşlaryň giň dünýägaraýşyna, gujur-gaýratyna, döredijilikli, tutanýerli zähmetine uly ynam bildirýändigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şol beýik ynamyna abraý bilen hötde gelmek üçin bolsa ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikleriň bardygy guwandyrýar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalardan ruhlanyp, ylymda, bilimde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanjak üstünliklerimiz, eýelejek belent sepgitlerimiz Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän şeýle uly ynamyna abraý bilen hötde gelmekde edýän tagallalarymyzyň mynasyp beýanyna öwrülmelidir. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirilýän uly ynamdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň ruhunda terbiýelenen ýaşlaryň ylymyna, bilimine, giň dünýägaraýyşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine goýulýan hormat-sarpadyr. Ylymda, bilimde gazanan üstünlikleri, zähmetsöýerligi, hünäre söýgüsi, çekýän halal zähmeti, ruhubelentligi bilen şeýle ynamy gazanyp, hormat-sarpa mynasyp bolan ýaşlary ýurdumyzyň egsilmez kuwwatyna, güýjüne, abraý-mertebesine öwren şunuň ýaly köptaraply üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň hem mynasyp bezegine öwürmek biz — ýaşlaryň ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň öňündäki perzentlik borjumyzdyr diýip belläp geçdiler.

Çykyklaryň ahyrynda, Watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy hem-de hoşniýetliligi hemişelik hemra edinen ýaş nesilleriň döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady, syýasy we medeni özgertmelere işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertleri döredýän, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagyny goldap, biz — ýaşlaryň ruhubelentligini has-da belende göteren hormatly Prezidentimize — Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir! Ýurdumyzyň ýaşlaryna ýüzlenip, «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň hemişe jany sag, başy dik bolup, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlary şöhratly täze taryhy döwrümiziň bezegine öwrülsin diýip ýürek buýsançlaryny beýan etdiler!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR