Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Şamekan” myhmanhanasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher bölüminiň gurnamaklarynda Türkmenbaşy şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede täze 2023-nji ýylynyň rysgal-berekete uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler. Baýramçylyk çäresi medeniýet sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Çäräniň ahyrynda şular ýaly baýramçylyklary giňden bellemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Serdarymyza köp köp sagbolsunlaryny aýdyp,janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň başlygy.